(Francois Closset). Belgiýaly tanymal usulyýetçi F.Klosse daşary ýurt dillerini okatmakdaky tejribesini „Didaktikigue des langues vivantes” (4th ed., Paris-Brusseles, 1965) kitabynda umumylaşdyran. Onuň pikirine görä, daşary ýurt dilini okatmagyň usuly üç maksady amala aşyrýar: amaly-dilden sözleýiş, okuw we ýazuw başarnyklarynyň we endikleriniň ösüşine zerur bolan sözlük baýlygyny we esasy grammatik düşünjeleri özleşdirmek, terbiýeleýjilik — çaganyň başarnygyny ösdürmek, umumybilim-dili öwreilýän ýurduň durmuşy we medeniýeti bilen tanyşdyrmak. Okadylýan okuw jaýyna laýyklykda, şol maksatlar dürli görnüşde seljerilýär. Bu wezipeleri tapgyrma-tapgyr ýerine ýetirmegiň usullaryny işläp düzýär. F.Klosseniň belleýşine görä, dilde köp ulanylýan 3000 sözüň tekst mazmunynyň 95%-ni düşünmäge mümkinçilik berýär. Dogry usuly inkär edip, özüni garyşyk usulyň tarapdary diýip yglan edýär.
F.Klosseniň pikirine görä, daşary ýurt dilini okatmagyň aşakdaky usuly düzgünlere boýun egdirilmegi gerek:
- Okuwçynyň işjeňligini goldamak.
- Erkinligine we islegine görä mümkinçilik döretmek.
- Okuwçylaryňşahsy inisiatiwasyna goldaw bermek.
- Temalar we gollanmalar saýlananda okuwçylaryň başarnygyny hasaba almaly.
F.Klosseniň okadyş ulgamynyň ajaýyp pikirleriniň biri diliň nazaryýeti bilen baglanyşyklydyr. Onuň garaýşyna görä, dili induktiw (aňsyz) ýa-da öýkünme ýoly bilen öwrenip bolmaýar.
Dil materialyny (fonetika, leksika, grammatika) we sözleýşiňgörnüşlerini öwretmek boýunça F.Klosseniň usullarynyň geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň usulyýetindäki usuly ugurlara gabat gelýän ýerleri köpdür.
Dursun ÇARYKULYÝEWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň
29-njy orta mekdebiniň
iňlis dili mugallymy