040922 animal emotions feat extra headline space THE ASHGABAT TIMES

Haýwanlary okatmagyň görnüşleri

22.02.2024

Ýadyň hadysalaryny öwrenýän barlaglaryň ählisinde haýwanlara howpdan gaçmak ýumuşyny çözmäge öwredýär. Howply stimulyň hyzmatyny adatça elektriki gyjyndyryjy ýerine ýetirýär. Ol elektroşokdan gowşak, ýöne oňaýsyz duýmany döretmek üçin ýeterlikdir.

Gorky bilen baglanyşykly özarabaglanyşygy ýadyň barlaglarynda öwrenmeklik aýratyn sebäplere eýedir: oňaýsyz stimuldan gaça durmaklyga gönükdirilen hereket jogabynyň, şeýle hem okadylmanyň tizligi uly ähmiýete eýedir.

Agyry stimullardan gaça durmagyň özarabaglanyşygynyň ikiesasy görnüşi bar: işjeň we işjeň däl. Ikisi hem gorka esaslanýar,ýöne howp salýan stimullardan dürli usullar bilen gaçýarlar. Işjeň däl ýagdaýda haýwan daşky gurşawyň kesgitli häsiýetlerine tebigy reaksiýany basyp ýatyrýar. Meselem: ýagtylyga. Eger-de syçanlary kapasasynyň uly ýagty tejribe bölümine ýerleşdirseler, olar hemişe garaňky bölüme gaçmaga ymtylýarlar. Ýöne şeýle özara arabaglanyşygy olary howp salýan gyjyndyrja getirýär we agyryny ýa-da gorkyny döredýär. Şeýle howply stimuldan gaça durmak mümkinçiligi özara arabaglanyşygyň islenilýän görnüşini basyp ýatyrmakdan ybarat. Işjeň gaça durmakda bolsa haýwan howp salýan stimuldan gaçyp haýsydyr päsgelçiligi ýeňip geçýär.

Ýadyň hadysalaryny öwrenýän tejribelerde köplenç haýwanlara işjeň däl gaça durmak özarabaglanyşyny öwredýärler. Tejribe kamerasy M.Jarwik we R.Kop tarapyndan işlenilip köp barlaglarda ulanylýar. Ol ikibölümdenybarat:uly ýagty we kiçi garaňky bölümleriň arasynda geçelgeli diwar bolup, onuň üsti bilen haýwanlar bir bölümden beýlekä geçýärler. Ýöne ýagty bölümden garaňka geçenlerinde,olar agyry elektriki gyjyndyryjy görnüşinde “temmi” alýarlar. Temminiň bir gezek ulanylyşyndan soňra haýwanlaryň ýagty otagda bolýan wagty köpelýär–öwredilmebolup geçýär.

Enejan HAÝYTGULYÝEWA
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
Garuda Wisnu Kencana Statue THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäniň iň uly ýadygärlikleri

f7fe7fc7ff3335987624398b4ab594d0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

USAID zenanlar üçin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslamany işe girizýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop