Iş maslahatynda gyşky möwsümde elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

22.02.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.

Ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanylýandygy bellenildi.

Gyşky möwsümde ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň zerur talap bolup durýandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine bu meseleleri üns merkezinde saklamagy we gözegçilik edýän sebitlerinde energetika ulgamlarynyň durnukly işlemegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalygy pudagynda elektrik energiýasyna bolan talaplary göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişe taýýarlyk işlerini gözegçilikde saklamak boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:12 am, Sep 20, 2024
temperature icon 22°C
пасмурно
Humidity 28 %
Pressure 1017 mb
Wind 3 mph
Wind Gust Wind Gust: 7 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

USAID zenanlar üçin maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslamany işe girizýär

Next Story

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň teatrlarynda 2024-nji ýylyň 23— 25-nji fewral aralygynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi:

Soňkylar Habar

GitTop