Dark
Light
24.01.2026
527424 THE ASHGABAT TIMES

SANLARYŇ  GADYMY  ATLARY  WE  OLAR  BILEN BAGLY DÜŞÜNJELER

04.06.2024

Sanlar we olaryň döreýiş taryhy baradaky maglumatlar  giňden ýaýrasa-da, olaryň dürli ýerlerde nähili atlandyrylandygy hem-de olar bilen bagly düşünjeleriň haýsylardygy bizi diýseň gyzyklandyrýar. Sanlaryň ilkinji dörän ýerleriniň gadymy Gresiýa,  Rim we Hindistan ýaly ýurtlardygy bize ozaldan mälim. Maglumatlara görä ady agzalan ýurtlarda we arap, pars döwletlerinde 0-dan 10-a çenli sanlar indiki görnüşde atlandyrylypdyr.

Grekçe: miden, mono, dio, trio, tetra, penta, geksa, septa, okto, enia, deka.

Rimçe: zero, unos, duos, tres, kuattor, kuýinku, siks, septem, okto, nowem, desem.

Hindiçe: sunýa, ýek, du, tin, çar, panç, çah, sat, ath, nau, das.

Parsça: syfr, ýak, do, se, çar, panç, şeş, heft, häşt, nun, dah.

Arapça: sifer, wahad, itnan, talata, arbaa, namiza, sitta, sabaa, tamaniýa, tizaa, aşara.

Grek sanlarynyň atlaryna köplenç gabatlaşýan  monolog, monoton, monografiýa, diolog, diod,  trigonometriýa (üçburçlygy öwrenän ylym), tetraedr (dörtgranlyk), pentagon (bäşburçlyk), geksaedr (altygranlyk), oktaedr (sekizgranlyk), oktagon (sekizburçlyk) ýaly sözlerde, Rim sanlarynyň atlaryna sentýabr (september), oktýabr (october), noýabr (november), dekabr (december) aýlarynyň atlarynda duş gelmek bolýar.

Nol sanyň hindiçe we arapça atlandyrylmasyndan häziki wagtda ulanylýan “san” we “sifr” diýen düşünjeler döräpdir.   Hindi-pars san atlandyrmasyndaky 1-den 5-ä çenli sanlaryň atlaryna hepdäniň Ýekşenbe, Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe, Penşenbe günleriniň atlarynda gabatlaşmak bolýar. Olardan başga-da, ýeke (ýak), dutar (du), Çary (çar), penje (panç), şeş-beş (şeş), hepde (heft), dähedem-dessem (dah, das), araba (arbaa) sözlerinde hindi, arap, pars san atlaryny görmek bolýar.

Görnüşi ýaly, san atlary bizi gurşap alýan hadysalar, jisimler we atlar bilen berk bagly. Şeýle baglanyşyklary köpçülige ýetirmek, okuwçylarda we talyp ýaşlarda sanlary we olar bilen bagly düşünjeleri öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrar.

Şiraly BAÝEKOW
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Matematika we ony okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

skills THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýat psihologiýasynyň assosianizmde häsiýetlendirilişi

maslahat koshgi 103.06.24 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop