Dark
Light
25.01.2026
1 0 THE ASHGABAT TIMES

Kompýuteriň programmalaýyn işleýişi

26.04.2024

Kompýuter görkezmeleriň (programmalaryň) kesgitli üýtgeýan toplumyny ýerine ýetirmäge ykyplydyr. Görkezmeler ýerine ýetirilende, olar üýtgese hem konpýuterde bar bolan gurluşlary täzeden başga hili özara birikdirmek zerurlygy ýokdyr hasaplama işler adatça ýerine ýetiriler. Kompýuterde hasaplama işlerini ýerine ýetirilende deslapky we hasaplanyp alynan maglumatlary ýatda saklamak üçin sanlary ýatda saklaýan gurluş, hasaplamalary ýerine ýetirýän ýörite hasaplaýjy blok –prosessor, informasiýalary girizmek we çykarmak üçin gurluşlar bar. Kompýuteriň şeýle gurluşlarynyň bolmagy, onuň işiniň programmalaýyn işläp bilmegine esas bolýar. Kompýuter maglumatlaryň ýagdaýyna baglylykda programmadaky görkezmeleri ýerine ýetirmegiň tertibini özbaşdak üýtgedip bilýär.

Kompýutere ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berilen görkezmeler (programmalar), kompýuteriň ýadynda saklanýar hem-de onuň işleýişinde aşakdaky ýaly aýratynlyklar bardyr:
1)kompýuterde ýerine ýetirmeli ýumuşyň programmasy, ol programma işlände gerek boljak sanlar bilen deň ýagdaýda kompýuteriňýadynda saklanýar;
2)kompýuterde ýumuşy ýerine ýetirmegiň programmasyny düzýän buýruklar (komandalar) san kody görnüşünde aňladylýar, olar sanlardan birjikde tapawutlanmaýarlar.

Kompýuteriň programmalaýyn işiniň yzygiderligini iki sanyň jeminiň alnyşynda ýerine ýetirilişini görkezeliň:
1. Programmadaky buýruk sanaýjysy ýumuş boýunça ýerine ýetirilmeli buýrugyň salgysynykesgitleýär. Bu salgy operatuw ýada berilýär we käbir öýjükde bellenýär.
2. Prosessoryň dolandyryş gurluşy(DG) operatiw huşa okamalay signaly berýär, ol ýerdäki bellenen käbir öýjükleriň nusgasy alynýar, ol nusga ALG-yň buýruklar registrne gelip düşýär.
3. Buýruklar registrinden buýrugyň mazmuny kesgitlenýä keçirilýär we anyklanýar.
4. Anyklanan buýrugyň mazmuny jemleýjä geçýär.
5. Jemleýji operatiw huşdan maglumatlary soraýar, alynanlar maglumatlar (operandlar) registrine gelip düşýär.
6. Jemleýjibuýrugyýerineýetirýär.
7. Netijearifmetiki-logikgurluşa(ALG) ugradylýar.
8. Netije operatiw huşdaky görkezilen salga geçirilýär.

Öktem UMAROW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dsc 5676 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SPORT SAGLYGYŇ GIREWIDIR

11 11 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Algoritm meseläni çözmegiň umumy usulýetidir

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop