Burawlama işleri

26.04.2024

Dag jynslarynda (toprakda) skwažinlary, şpurlary, şurflary (toprak almak üçin dikligine gazylýan çukur -guýy) döretmek üçin burawlamak ulanylýar. Gurluşykda inžener –geologiki gözlegleri geçirmekde, gazykly fundamentler gurmakda, topraklary emeli usullar bilen berkitmekde, artezian suw üpjünçiliginde, gaz we nebit önümlerini saklaýyş ýerasty gurluşygynda, partlaýyş önümçilik işlerinde, doňan topraklary ýumşatmakda diametri 75 –350 mm bolan skwažinlary burawlamakda burawlaýyş işleri ulanylýar.

Skwažina –bu silindr şekilinde dag jynslary (dikligine, ýapgytlygyna, gorizontallygyna) işläp çykaryşlyk, özi hem çuňlugynyň uly ululyk bellik diametriniň kiçi ululyk bellik diametrine bolan gatnaşygyny häsiýetnamalaşdyrýar. Skwažinanyň diametri 75mm –den 375mm çenli, çuňlugy bolsa 5 metrden ýokary bolmaly. Eger skwažinanyň diametri 75 mm çenli bolup çuňlugy hem 5 metre çenli bolsa, onda oňa şpurlar diýilip aýdylýar. Skwažinalaryň ýa-da şpurlaryň içinde ýumrulýan jynslara (zaboýda) şlam diýilip aýdylýar. Ýer üstünde skwažinanyň başlaýan ýerine agzy, onuň düýbüne zaboý diýilip aýdylýar, içki gapdal taraplarynda bolsa diwarlary diýilýär. Durnuksyz topraklarda (çägeliklerde, daşlyklarda) skwažinalaryń içki diwarlary oturtma turbalar bilen berkitýärler. Bu turbalaryň ahyrynda birleşdiriji muftalary towlap berkitınek üçin edilýär). Nebitgeçiriji we elektrik –kebşirleme turbalary hem ulanylýar. Olary öz aralarynda kebşirleme arkaly birikdirýärler. Burawlaýyş öndürme işleri özleriniň häsiýetleri boýunça tutuşlygyna zaboýly burawlaýşa we kolonkaly (sütünli) burawlaýşa bölünýärler. Tutuşlygyna zaboýly burawlananda skwažinadaky ähli jynsly ýumrup we ýumrulan görnüşinde hem ýokaryk ýeriň üstüne çykarýarlar, kolonkaly burawlanda jynsyň ýumrulyşy diňe zaboýyň içki üstünde tegelek halka görnüşinde skwažinadan çykarýarlar.

Burawlamagyň ähli usullary iki esasy topara bölünýär. Birinji topar –jyns mehaniki ýo1 bilen ýumrulýar: urulma, urulma –aýlanyş we aýlanyş burawlamasy. Ikinji topar bu ýöriteleşdirilen fiziki usul bilen burawlama: gidrawlikli, termiki –ýylylyk, elektrikli –gidrawliki, öte sesli (yльтpaзвyкoвoй) we partlaýyş (взpывнoй).

Gazyk fundamentlerigurulanda, inženerlik gözlegleri geçirmekde, topraklary emeli usullar bilen berkleşdirmekde, suw derejesini aşaklatmakda, artezian suw üpjünçiliginde, partlaýyş we başga işlerde aýlanyş we uruş burawlaýyş usullary ulanylýar.

Inžener geologiki gözleglerde,partlaýyş işlerde, çuň goýulyş diregleri gurmakda yrgylly burawlama ulanylýar.

Partalýyş işleri üçin skwažinalary geçmekde termo ýylylyk burawlamasy ulanylýar. Inženerlik gözleglerde, topraklary emeli usullar bilen berkleşdirmekde, partlaýyş işlerde urulma–aýlanyş (gysylyş howa arkaly urulma burawlamasy ulanylýar.

Artezian suw üpjünçiliginde we suw derejesini aşaklatmakda gidrawlikli burawlama ulanylýar.

Şpurlary elektriki we gysylan howaly el burawlaýyş maşynlary, perfomatorlar (köwüji maşyn), el termo –ýylylyk burawlary, şnekli (hyrly transportýor görnüşli) burawlaýyjy özleri ýöriji burawlaýyş maşynlary bilen burawlaýarlar. Burawlap deşiji (kiçi burawlaýyş) maşynlary diametri 50 mm çenli we çuňlugy hem 5 m çenli bolan ýumşak we orta berklikdäki jynslarda we doňan topraklarda şpurlary burawlamak üçin ulanylýar. Burawlama çuňlugyna we şpuryň diametrine baglykda burawlaýyş şlangalaryň komplekti bilen üpjün edilýär. Gysylan howaly burawlaýyjy maşynlary çekiçler -perforatorlary diametrleri 75 mm çenli we çuňlugy 6 m çenli bolan şpurlary burawlamak üçin ulanýarlar. Esasan hem ýeňil (20 kg çenli) we orta (25 kg çenli) perforatorlar bilen çuňlugy 4 m çenli, diametri 50 mm çenli bolan şpurlary burawlaýarlar. Şular ýaly perforatorlaryňişçi organy bütinleý ýa-da düzme burawdan durýar.

Gysylan howaly burawlaýyjy çekiçler –perforatorlary. Bular köplenç urulma burawlamany ýerine ýetirýärler.Olar elde göterilişi agramy 24kg çenli (şpuryňçuňlugy 3m çenli) we stanokly agramy 40kg çenli bolýarlar. Olar bilen çuňlugy 5 m çenli bolan şpurlary burawlaýarlar. Perforatoryň işçi organy bolup burawlaýyjy başjagazy hyzmat edýär. Şpury burawlaýyş ownuklardan, şlamdan gysylan howa bilen üflemek arkaly arassalaýarlar, bu ýagdaý gury burawlamaga degişli, eger-de suw bilen ýuwlup arassalansa, onda ol öllikli burawlama degişli. Bularyň arasynda iňtygşytlysy ölleniş burawlama, sebäbi ýuwulanda jynsyňgarşylygy azalýar, tozan bolmaklygy azalýar we burawyňbaşjagazynyňdurnuklylygy galýar. Şunluk-da burawlamaklygyň öndürijiligi 30% çenli ýokarlanýar. Düzüminde kremnezem (kwarsitler, daşly çägelikler we baş.) bolan berk jynslarda diametri 60mm çenli we çuňlugy hem2,5m çenli bolan şpurlary hem el termo –ýylylyk burawlaýyjysy bilen burawlaýarlar. Termo –ýylylyk burawlaýyjynyňişçi organy bolup metaldan bolan turbada ýerleşýän ot akymly reaktiwe ýakyjy (гopeлкa). Termoburawlaýyş dag jynslaryny burawlamakda perforatorly burawlaýyş bilen deňeşdireňde öndürijiligi 3-8esse köp (jynsyňberkligi bilen bagly) we çykdajylary boýunça arzan.

Durdymuhammet BAÝMUHAMMEDOW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:36 am, Nov 24, 2024
temperature icon 12°C
переменная облачность
Humidity 71 %
Pressure 1015 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Skaneriň görnüşleri

Next Story

Beton we demirbeton işleri barada umumy düşünjeler

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop