Türkmen zenanlarynyň asyllylygy, edep-ekramy şahyryň goşgularynda

22.02.2024

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ taýsyz tagallalary netijesinde  türkmen halkynyň meşhur şahsyýetlerini, nusgawy şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi ylmy taýdan düýpli öwrenilýär, olaryň gymmatly mirasy halkymyza elýeterli edilýär. Bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda” Kararyna laýyklyk-da, ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda, şanly sene mynasybetli toplumlaýyn işler giň gerimlerde alnyp barylýar. Ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bolsa buýsançly wakalaryñ üstüni ýetirdi. Sebäbi beýik söz ussadynyň gymmatly edebi mirasy, döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren goşgulary çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer garaýyşlary bilen aýratyn tapawutlanýar.

Aslynda, türkmen halky gadym döwürlerden bäri zenanlara öý-ojagyň eýesi hökmünde garap, aýratyn hormat-sarpa goýýar. Biziň halkymyzyň zergärçilik sungatynyň hem aglaba bölegi aýal-gyzlaryň dakynýan şaý-sepleri bilen baglanyşyklydyr. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy hem ussat zergär bolupdyr. Elbetde, bu hem belli bir derejede dana şahyrymyzyň aýal-gyzlara goýan çäksiz sarpasyndan nyşan bolsa gerek. Akyldar gelin-gyzlara örän uly hormat goýýupdyr. Akyldar şahyryň umman ýaly giň we çuň manyly, köptaraplaýyn  döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy, däp-dessurlary bilen birlikde gelin-gyzlaryň mertebesi, gylyk-häsiýetleri, edep-ekramy, görk-görmegi bilen baglanyşykly ençeme şygyrlary döredipdir. Pyragy zenanlaryň maşgalada, durmuşda, jemgyýetde tutýan uly orny baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Şahyr:

Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa-

diýmek bilen, gelin-gyzlary maşgalanyň görki, durmuşyň bezegi hasaplaýar. 

Magtymguly Pyragy gelin-gyzlar barada ýazan goşgularynda olaryň maşgaladaky ornuny, mertebesini, çeper elliligini hem wasp edýär. Olary maşgalada erkekleriň pikirdeşi, şatlygy, gaýgyny deň paýlaşýan, durmuşyna bezeg berýän, wepaly ýanýoldaşy hasaplapdyr. Bu barada:

Döwletli är gerek, söweşde serhoş,

Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş.

Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş

Bu döwlet hiç kimiň eline degmez.

─ diýip ýazypdyr.

Şahyr zenan üçin maşgalada çaga terbiýesiniň zerurlygyny şeýle nygtaýar:

Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,

Edebin, ekramyn, oturşyn görüň.

Sebäbi çagalary watansöýerlik, ahlaklylyk, ynamlylyk ruhynda terbiýelemek işinde esasy borç zenanlaryň─ maşgalanyň bikesiniň egnine düşýär. Sebäbi eneler gije – gündiz balalarynyň aladasy bilen dem alýar. Şahyr zenanlaryň maşgalada, çagalary terbiýelemekde, aýratyn hem asylly, edep-ekramly, işjeň gyzlary we mert, batyrgaý, watana wepaly, il-halkyň aladasyny edýän oglanlary kemala getirmekde uly hyzmatynyň bardygyny nygtaýar. Magtymguly Pyragy öý bikesiniň akyllylygy, zähmetsöýerligi, salyhatlylygy bilen gyzlaryna görelde görkezmelidigini ündeýär. Bu günki gün zenan mertebesini nusgawy eserlerinde göteren şahyryň gelin-gyzlar hakdaky eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Akyldar şahyryň gelin-gyzlar hakdaky şygyrlary, pentleri we öwüt nesihatlary halkyň ýüreginiň töründe orun tapdy. Häzirki wagtda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ  parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda zenan mertebesi belentde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyñ: ,,Enä tagzym – mukaddeslige tagzym’’ atly kitabynda: ,,Zenan düşünjesine halkymyz ,,ene’’, ,,uýa’’, ,,aýal dogan’’, ,,ömürlik durmuş hemrasy’’ diýen manylarda garaýar’’ diýip örän parasatly belläp geçýär.  Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe kalby mähirden doly zenanlarymyz bagtly durmuşda ýaşap, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler, nesil terbiýeleýärler.

Goý, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, ulus-ilimizi dana şahyrymyzyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, Berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary has-da rowaçlyga beslensin!

Dinara AHMEDOWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:54 am, Nov 23, 2024
temperature icon 10°C
облачно с прояснениями
Humidity 76 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ýylyň – göreldeli okyjysy

Next Story

Milli egin-eşiklerimiziň milli gymmatlylygy, ene-mamalarymyzdan galan el işleri

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop