Milli egin-eşiklerimiziň milli gymmatlylygy, ene-mamalarymyzdan galan el işleri

22.02.2024

Dogrudanam, enelerimiziň asylly gylyk-häsiýetlerinden gözbaş alyp gaýdýan edep-terbiýe mekdebi örän baý. Aýratyn hem maşgalanyň bikesi bolup ýetişmeli gyzlaryň edep-terbiýesi, edim gylymy bilen bagly öwüt-ündewler durmuşymyzyň bezegidir. Halkymyzda «Edep altyndan gymmat» diýen nakyl bar. Gyz edepli bolanda kalbyňy mähir nury bilen çoýýar. Zenan terbiýesine degişli gyzyldan gymmatly pähimlerine ýüz tutsak «Edep zenan üçin geýim ýalydyr», «Edep bir täçdir, şol täji geýen zenan her beladan gutular», «Enäniň mähri zor, terbiýesi zer», «Asuda maşgalanyň gelni edepli, ol ojagyň duzy tagamy datly», «Edep bilen bagt tapylar, sabr bilen tagt» ýaly dana pähimler nesillerimiziň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedir.

Ilimizde geýinmegiň edebine hem aýratyn üns berilýär. Gyz-gelinleriň özüne laýyk ýerbe-ýer , ykjam, gelşikli geýinmegi oňlanylýar. Ata-babadan gelýän uzyn köýnekler zenanlaryň kaddy-kamatyny juda bezäýer. Toý-tomguda, baýramçylyk çärelerinde milli egin eşiklerimiz bilen şaý-seplerimizi sazlaşdyryp geýinýän we dakynýan gözellerimiz mizemez mirasymyzyň teşneleridir. Hatda, halk döredijiliginde-de gyz-gelinleriň gözelligi bilen birlikde, edep-terbiýesini hem beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, otyrşyn görüň.

— diýip, wasp edipdir. Gözelleriň edebine, mylaýym hoşgylawlagyna ýokary baha beripdir.

Maşgala agzybirligi ojakdan başlanýar. Ojagyň oduny söndürmän saklaýan zenandyr, şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen eneleriň, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň ömrüni uzaltmak boýunça-da uly işler alnyp barylýar.

Ogulnur TAGANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:32 am, Nov 23, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 71 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmen zenanlarynyň asyllylygy, edep-ekramy şahyryň goşgularynda

Next Story

ÝHHG-nyň ýaş aýallary 4 Parahatçylyk başlangyjy: Merkezi Aziýanyň ýaş aýal-gyzlar maksatnamasyna kuwwat bermek

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop