BMG: Maýlama getirýän El-Ninýo tebigy hadysasy şu ýyl sowuk howa bilen çalşar

06.06.2024

Guramanyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň iýun-awgust aýlarynda bitarap şertleriň ýa-da La-Ninýanyň gelmek ähtimallygynyň 50% boljakdygyny çaklaýarlar. Iýul-sentýabr aýlarynda bu ähtimallyk 60%-e, awgust-noýabr aýlarynda – 70%-e çenli ýokarlanar.
La-Ninýa Ýuwaş ummanyň merkezi we gündogar ekwatorial böleginde ummanyň üstüniň temperaturasynyň uly möçberli peselmegi bolup, tropiklerde atmosfera aýlanyşygynyň üýtgemegi bilen utgaşýar. Her bir La-Ninýa hadysasynyň netijesi onuň intensiwligine, dowamlylygyna, pasyllara we beýleki klimat režimleri bilen täsirine baglylykda tapawutlanýar.
Gurama hadysalaryň ikisiniň-de, El-Ninýonyň we La-Ninýanyň global ýylama, adatdan daşary howa şertleriniň ýygylaşmagyna we möwsümleýin ygallaryň hem temperatura režimleriniň üýtgemegine sebäp bolýan klimatyň antropogen üýtgemesi şertlerinde ýüze çykýandygyny belleýär.
Şu ýyl howanyň ýylamagy bilen häsiýetlendirilýän El-Ninýo döwri tamamlanar. Onuň deregine planetanyň käbir sebitlerine, aýratynam, tropiklerde, tersine, sowuk howa getirjek La-Ninýa hadysasynyň gelmek ähtimallygy ýokary. Bu barada BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy habar berýär.
“El-Ninýonyň tamamlanmagy uzak möhletli howa üýtgemelerinde pauzany aňlatmaýar. Biziň planetamyz bug gazlary sebäpli gyzmagy dowam etdirer. Deňiz üstüniň adatdan daşary ýokary temperaturalary geljek aýlarda möhüm rol oýnar, howa bolsa atmosferadaky goşmaça ýylylyk we çyglylyk sebäpli has ekstremal bolar” – diýip, guramanyň Baş sekretarynyň orunbasary Ko Barrett belledi.

Belläp geçsek, La-Ninýanyň 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygyndaky sowuk täsirine garamazdan, soňky dokuz ýyl gözegçiligiň tutuş taryhynda iň ýyly döwür boldy. Häzirki El-Ninýo hadysasynyň iň ýokary derejesi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda boldy we bu tebigy hadysa meteorologiýa gözegçilikleriniň taryhynda iň güýçli bäşisiniň biri boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:46 pm, Nov 23, 2024
temperature icon 10°C
переменная облачность
Humidity 76 %
Pressure 1022 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çapdan çykdy

Next Story

Microsoft korporasiýasy Surface Pro planşetini we Surface Laptop noutbugyny hödürledi

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

20.11.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
GitTop