5323c459dcc65ce0aa6e3ac87d434275 THE ASHGABAT TIMES

Gymmatly kagyzyň gymmaty we bahasy

07.06.2024

Gymmatly kagyzyň gymmaty we harydyň gymmaty.Gymmatly kagyzyň gymmaty düşünjesi adaty harydyň gymmaty düşünjesi bilen gabat gelmeýär, sebäbi gymmatly kagyz öndürilmeýär. Onuň obýektiw ykdysady esasy ýa-da gelip çykyş çeşmesi gönüden-göni zähmet däl-de, eýsem onuň abstrakt görnüşi –maýa bolup durýar.

Gymmatly kagyzyň gymmatynyň iki häsiýeti.Gymmatly kagyz maýanyň (hakyky maýanyň) titulynyň we hakyky maýanyň (emele getirilen maýanyň) özüniň bitewiligidir, şol sebäbe görä, diňe bir gymmaty –harydyň özüniň gymmaty bolan ýönekeý harytdan tapawutlylykda gymmatly kagyzyň iki gymmaty bardyr:

1) bellenilen gymmaty ýa-da hakyky maýanyň wekili hökmündäki gymmaty;
2) bazar gymmaty ýa-da emele getirilen maýa hökmündäki gymmaty.

Gymmatly kagyzyň bellenen gymmaty onuň çykarylýan ýa-da üzülýän döwründe gymmatly kagyzyňhakyky maýa çalşylan mahalynda onuň deň bolan pul möçberinde ýüze çykýar. Bu pul möçberi gymmatly kagyzyň nominaly diýlip atlandyrylýar.

Gymmatly kagyzyň bazar gymmaty onuň emläk hukuklaryny maýalaşdyrmagyň netijesinde ýüze çykýar, çünki şu işiň netijesinde gymmatly kagyz maýa öwrülýär („kagyz― bolmagyna garamazdan).Onuň hukuklarynyň maýalaşmagy hökmünde gymmatly kagyzyň gymmaty. Gymmatly kagyzdan esasy emläk hukugy girdeji almaga bolan hukukda jemlenýär, şoňa görä hem gymmatly kagyzyň gymmaty, öňi bilen,girdejiniň maýalaşmagy bolup durýar. Emma hasaplanyp ýazylan girdejini almak onuň eýesiniň gymmatly kagyz boýunça ýeke-täk hukugy bolup durmaýar, galan hukuklaryň hem onuň gymmatynda ol ýa-da beýleki esasy bardyr ýa-da gymmat emele getiriji faktorlar bolup durýar. Şol sebäbe görä, gymmatly kagyzyň bazar gymmatynyň abstrakt modeliiniň şu görnüşi bolýar:

Gkbg=Mg+Ghm:

bu ýerde Gkbg—gymmatly kagyzyň bazar gymmaty;
Mg—hasaplanyp ýazylan girdejiniň maýalaşmagy;
Ghm—gymmatly kagyz boýunça gaýry hukuklaryň maýalaşmagy.

Maýalaşma düşünjesi.Hasaplanyp ýazylan girdejiniň maýalaşmagy–bu girdejini bazar (adatça) bank göterim möçberine bölmekden alnan netijedir. Maýalaşma maýanyň ululygyny hasaplap çykarmaga mümkinçilik berýär, bu maýa şol göterim möçberi bilen depozite goýlanda hasaplanyp ýazylýan girdejä deň bolan girdejini getirip başlar.

Girdeji almaga bolan hukukdan tapawutlylykda gymmatly kagyzlar boýunça beýleki hukuklara mukdar taýdan berk baha berip bolmaýar. Bazar nukdaýnazaryndan olaryň ähmiýeti näderejede ýokary bolsa, subýektiw-psihologik bahalaryň orny şol derejede ýokary bolýar.

Gymmatly kagyzyň bazar bahasy —bazar gymmatynyň puldaky bahasydyr. Gymmatly kagyzyň bazar bahasynyň iň bir abrstrakt modeliniň şunuň ýaly görnüşi bardyr:

Gkbb=Gkbg+Gkaý we Gkbb=Gkbgх (1 + Bb%),

bu ýerde Gkbb—gymmatly kagyzyň bazar bahasy,
Gkbg—gymmatly kagyzyň bazar gymmaty;
Gkaý—gymmatly kagyzyň gymmaty bilen deňeşdirilende bazar bahasynyň absolýut manyda ýokarlanmagy ýa-da peselmegi babatynda bazar garaşmalary;

Bb%—bazar bahasynyň onuň gymmatyndan gyşarmalarynyň bazar göterimi (paýlarda).

Iş ýüzünde gymmatly kagyzyň bazar bahasynyň hümmet gymmaty, hümmet bahasy, hümmet, bazar nyrhy ýaly atlary bardyr.

Mukam SAPARGELDIÝEW
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
a29c3a8a a771 4941 bd0e 44bca51ca6ae THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Xiaomi arkaňy massaž edýän “Akylly” massažor çykardy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilesim gelýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop