scale 1200 3 THE ASHGABAT TIMES

Rentgen şöhleleriniň we radioaktiwligiň açylmagy

10.06.2024

Eksperimental ýadro fizikasynyň başlangyjy gazlardan toguň geçişini öwrenmek bilen başlandy. Filipp Eduard Anton fon Lenard (1862–1947 ý.), Uilýam Kruks (1832-1919 ý.), Iogann Wilgelm Gittopf (1824–1914 ý.) we XIX asyryň beýleki alymlary bu barlaglaryň tehnikasyny we usulyny: gaz turbalaryny, ssintillýasiýa sa-naýjylary we beýlekileri döretdiler.

Şeýle turbalardaky seýreklendirilen gazdan geçýän toguň döredýän effektlerini öwrenip nemes fizigi K.Rentgen 1895-nji ýylda X-şöhlelerini açdy.

Rentgen gazlar üçin Cp/Cv gatnaşygy, suwuklyklaryň şepbeşikligini we dielektrik geçirijiligini kesgitledi, kristallaryň maýyşgaklyk häsiýetlerini, olaryň pýezoelek-trik we piroelektrik häsiýetlerini derňedi, hereket edýän zarýadlaryň (Rentgen togunyň) magnit meýdanyny ölçedi.

X-şöhleleriniň açylyşy, käwagtlarda bolşy ýaly, tötänleýin boldy. Turbany ýap-gy bilen ýapyp we otagdaky çyrany öçürip, Rentgen induktory tokdan ýazdyrmady. Ol şol wagt turbanyň golaýynda ýerleşen lýuminessent ekranyň ýagtylanýandygyny gördi. Diýmek, turba şöhlelenmäniň çeşmesi, bu şöhlelenme ýapgydan geçip lýuminessent ekrany ýagtylandyrýar diýlen netije gelip çykýar. Rentgen bu şöhlelenmäni içgin derňeýär. Rentgen bu şöhleleriň geçijilik ukybyny öwrendi we bu şöhleleri «X-şöhleleri» diýip atlandyrdy. Bu şöhlelere soňra Rentgen şöhleleri diýip at berdiler. Derňewler täze açylan X-şöhleleriniň katod şöhleleri däldigini görkezdi. Bu şöhleler ýokary geçijilik ukyba eýe, gazlary ionlaşdyrmaga ukyply, zarýady ýok, elektrik we magnit meýdanlarynda gyşarmaýarlar. Rentgen bu şöhleleriň kagyzdan, agaçdan, ebonitden, ýuka metaldan erkin geçýändigini, emma, gurşun tarapyndan güýçli saklanýandygyny gördi.

Atajan GURBANOW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:31 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
william gilbert 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jisimleriň magnit we elektrik häsiýetleri barada ilkinji maglumatlar

a7e2a0943102b3b8d18d817e151b6bb97180afb2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Simsiz telegrafyň soňky ösüşi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop