2024-nji ýylyň ýanwar—maý aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi we makroykdysady görkezijiler

10.06.2024

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önümiň möçberi artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy.

Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň bäş aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,8 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 52-siniň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 480,8 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,2 göterime, çykdajy bölegi 97,6 göterime deň boldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigini aýdyp, wise-premýere mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

7-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanýandygyny belledi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:35 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Sport dünýäsinde janköýerler özleriniň oturgyçlarynyň gyrasynda dürli tolgundyryjy wakalara we täsir galdyryjy pursatlara şaýat boldular

Next Story

Türkmen modelýeri Göwher Pirkulýewa Marokkoda geçen moda hepdeliginde hemmeleri haýrana goýdy

Soňkylar SÖHBETDEŞLIK

GitTop