Botanika bagy hakynda

23.02.2024

“Kitaphanasy we bagy bolan kimdir birine başga zat gerek däl” Siseron.
Ilkinji ylmy botanika bagy XIV asyryň başynda Italiýanyň Salerno şäherindäki lukmançylyk mekdebinde peýda boldy we mundan soň gysga wagtyň içinde Wenesiýada botanika bagy açyldy. Şondan bäri Italiýanyň baý şäherleri kimiň bagynyň has owadandygyny görmek üçin bäsleşip başlady. 1545-nji ýylda häzirki wagtda dünýäniň iň gadymy hasaplanýan Padua botanika bagy döredildi. Bu günki gün her ýurtda diýen ýaly botanika bagy ýa-da teplisasy bar. Minerwanyň Salerno bagy köp çeşmelerde dünýädäki ilkinji botanika bagy hökmünde suratlandyrylýar. Bu bag XIV asyrda meşhur Salerno lukmançylyk mekdebiniň mugallymlaryndan biri, lukman Matteo Silwatiko tarapyndan esaslandyryldy. Ol desselenip boglan dermanlyk ösümlikleri bilen bezelen haýran galdyryjy howuzlary we ajaýyp çüwdürimleri bilen emele getiripdir. Bagyň her eýwanynda bir çüwdürim bar we suw geçiriji ulgamy XVII asyrdan bäri üýtgemän saklanýar.
“Dünýäni dolandyrmakdan  bag ekmekde has köp şatlyk bar” Dioklitan.
Eko-syýahatçylygyň hakyky hazynasy hasaplanylýan birnäçe gyzykly botanika baglary barada gysga maglumatlary size ýetirýäris.
Russiýa. M.V. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň ylym we bilim merkezi bolan “Dermanhana bagy” diýip atlandyrylýan Beýik Pýotryň Botanika bagy Russiýanyň iň gadymy botanika bagy bolmak bilen Pýotr I tarapyndan 1706-njy ýylda esaslandyrylandyr.
Hindistan. Kalkutta şäherindäki botanika bagy 1787-nji ýylda iňlis esgeri tarapyndan ysly zatlary we beýleki ekzotik ösümlikleri satmak üçin esaslandyryldy. Netijede, häzirki wagtda takmynan 12 müň ösümlik görnüşi bolan uly botanika bagyna öwrüldi.
Taýland.  Nong Nuç tropiki bagy Günorta-Gündogar Aziýanyň iň uly botanika baglaryndan biridir. Dünýäniň dürli künjeklerinden iň ekzotik tropiki ösümlikler bu ýerde öz ornuny tapdy, ýöne olaryň köpüsi ýitmek howp astyndaky bolan ösümliklerdir.
“Her bir adam öz ýeriniň bir bölegi üçin elinden gelenini eden bolsa, Ýer şarymyz nähili ajaýyp bolardy” Anton Çehow
Hytaý.  Haýnan şäherindäki tropiki ösümlikleriň  “Sinlun” botanika bagy şol bir at bilen termiki çeşme jülgesiniň golaýynda ýerleşýär. Uly meýdanynda, alymlaryň gözegçiligi astynda tropiki ýerlerde we subtropiklerde ösýän müňden gowrak özboluşly ösümlik görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Botanika bagy adanyň paýtagty Haýkudan 170 km uzaklykda ýerleşýär.
“Bag, adam bilen tebigatyň arasynda ideal dünýä gurmak synanyşygydyr. Şonuň üçin  bag dürli dinlerde ýerdäki jennet, Erem hökmünde görkezilýär” Dmitriý Lihaçýow.

Rozygül NARMAMEDOWA
Lebap welaýatynyñ
Çärjew etrabynyñ
29-njy orta mekdebiniñ
biologiýa mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:54 pm, Nov 24, 2024
temperature icon 19°C
облачно с прояснениями
Humidity 48 %
Pressure 1013 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Dünýäde pagta önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlar

Next Story

SÜÝT

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop