Koreý medeniýeti birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda ösüp, dünýäde täsinlikleri bilen tapawutlanýan baý we gadymy medeniýetleriň biridir. Ol asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlaryny, sungatyny we edebiýatyny ösdürip kämilleşdiripdir. Täze tehnologiýalaryň we gadymy däp-dessurlaryň birleşmegi bu medeniýeti aýratyn we täsin edýär. Bu medeniýetiň esasy aýratynlyklaryny birnäçe ugurlarda gözden geçireliň:
Dil we edebiýat. Koreý diliniň gadymy ýazgy görnüşi “Hangul” bolup, ol 1443-nji ýylda döredilipdir. Bu dilde ýazylan köp sanly poeziýa we proza eserleri bardyr. Koreýa edebiýaty dünýä belli ýazyjylary we şahyrlary bilen hem giňden tanalýar.
Sungat we arhitektura. Koreýa sungaty dürli görnüşlerde görkezilýär, şol sanda keramika, çap kagyzlary, we amaly-haşam sungaty… Koreýa arhitekturasy aýratyn üns bilen gurulan köşkler, ybadathana binalary, we beýik galalary bilen tapawutlanmagy başarýar.
K-Pop. K-Pop, koreý pop aýdymy bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, Koreýanyň medeniýetiniň iň tanalýan görnüşleriniň biridir. K-Pop toparlary we aýdymçylary, özleriniň ösen sahna çykyşlary we täsin wideo şekilleri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde tanalýar.
Koreý aşhanasy. Koreý tagamlary köpdürli we duzly, ajy, we turşumtyk tagamlary bilen giňden tanalyp, bu ýurda gelýän jahankeşdeler naharlaryň örän tagamlydygyny aýdýarlar. Kimçi (turşudylan gök önümler), bibimbap (gök önümler, et we tüwi bilen taýýarlanylýan tagam), bulgogi (marinadlanan et), we kalbi (gowrulan et) ýaly tagamlar Koreýa aşhanasynyň esasy elementleridir. Koreýanyň nahar taýýarlamak däpleri we iýmitlenmek medeniýeti özboluşlydyr.
Hanbok. Hanbok, koreý milli egin-eşigi, özüne çekiji we üýtgeşik bezegleri bilen tapawutlanýar. Bu egin-eşikler, köplenç, baýramçylyklar we ýörite dabaralar üçin geýilýär.
Hanji we Hunminjeongeum. Hanji, koreý kagyzy, gadymy tehnologiýalar bilen taýýarlanyp, özüne çekiji we durnukly görnüşi bilen belli. Hunminjeongeum bolsa koreý ýazuwynyň (Hangul) esasyny düzýän maglumatlar toplumy bolup, 1443-nji ýylda Sejong Büyük patyşasy tarapyndan döredildi. Hangul, öz ýönekeýligi we logikasy bilen tapawutlanýar.
Taekwondo. Taekwondo — Koreýanyň milli söweş sungaty bolup bütin dünýäde giňden tanalýan sport görnüşleriniň biridir. Bu sportuň ruhy we fiziki taraplary, özboluşly hereketleri bilen örän meşhur.
Medeni çäreler we festiwallar. Koreý medeniýetinde dürli festiwallar we dabaralar uly orun tutýar. Bu festiwallarda gadymy däp-dessurlar, milli oýunlar, tanslar we aýdymlar görkezilýär. Chuseok (hasyl baýramy) we Seollal (Täze ýyl baýramy) ýaly esasy festiwallar Koreýanyň medeni durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir.
Drama we kino. Koreý dramalary we filmleri, Hytaý, Ýapan, we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlarynda örän meşhur bolup, bütin dünýäde uly tomaşaçy toparyna eýe boldy. “K-Dramas” diýlip atlandyrylýan bu seriallar, özleriniň täsin senarileri we ýokary hili bilen tanalýar.
Koreý medeniýeti özüniň köpugurlylygy we baý taryhy bilen dünýäde aýratyn orun tutýar. Bu medeniýet, köne däp-dessurlary we täze tehnologiýalary birleşdirip, özboluşly täsinlikleri öz içinde jemleýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Meýlis SADYKOW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.