1 440 THE ASHGABAT TIMES

Sanly bilim-ösüşlere badalga

29.04.2024

Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz – tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda, adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär” – diýip parasatly belleýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda okaýanlara we olaryň ata-enelerine elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlar (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.

Bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda  hem bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Institutyň elektron kitaphana gory yzygiderli baýlaşdyrylýar, dersler boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar köpeldilýär. Täze maglumatlar bilen başlangyç elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Şunda institutyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmalarydyr, kitaplary sanly görnüşde ýokary okuw mekdebimiziň elektron kitaphanasynda ýerleşdirilýär.

Institutymyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri çözmäge oýlap tapyşlary bilen mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleriň, ýaş inženerleriň täze nesli kemala gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmek, sanly bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmak we ony täze sepgitlere ýetirmek üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Hekim ANNAGURBANOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
13052022 wystawkakonstitusiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwlet baýdagy we  milli Konstitusiýa ýurt berkararlygymyzyň goşa ganaty

2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Предметная область технологии машиностроения

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop