AT GÜÝ­JI

20.06.2024

At güý­ji – kuw­wat­ly­lyk bir­li­gi. Dün­ýä­de at güý­ji at­lan­dy­ryl­ýan bir­nä­çe öl­çeg bir­li­gi bar. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz­da, adat­ça, at güý­ji diý­len­de, tak­my­nan 735,5 watta ba­ra­bar met­ri­ki at güý­ji göz öňün­de tu­tul­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da ol ka­nu­ny taý­dan ula­nyş­dan gal­dy, ýö­ne he­ni­ze çen­li trans­port sal­gydy­nyň ha­sap­la­şyk­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Dün­ýä­niň köp ýurdunda ol he­ni­zem için­den ýan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­le­riň peýdalanylýan ýer­le­rin­de has giň­den ýaý­ran­dyr. Ol bol­sa, aw­tou­lag­lar­da, mo­to­sikller­de, trak­tor teh­ni­ka­la­ryn­da we beý­le­ki­ler­de ula­ny­lýar. Hal­ka­ra ul­ga­myn­da res­mi su­rat­da kes­git­le­nen güýç öl­çe­gi­niň bir­li­gi hök­mün­de watt ula­nyl­ýar. Iň­lis­ler­de öl­çeg ul­ga­my, güý­ji öl­çe­me­giň bir­li­gi se­kunt­da­ky fun­to-fut ha­sap­lan­ýar, ýö­ne, ha­ky­kat­da, ol Ang­li­ýa­da eý­ýäm­den bä­ri ula­nyş­dan gal­dy, ABŞ-da bol­sa, örän seý­rek peýdalanyl­ýar.

At güýç­le­ri­niň gör­nüş­le­ri. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ag­la­ba­syn­da, şol san­da bi­ziň hem ýur­du­myz­da at güý­ji 75 kgs•m/s hök­mün­de kes­git­len­ýär, ýag­ny 75 kg ag­ram­da­ky ýü­ki 1 metr ýo­ka­ry 1 se­kunt­da gö­ter­mek üçin sarp edi­len güýç­dür. Şeý­le hem ol aşak er­kin ga­çy­şyň stan­dart tiz­li­gi­ne (9,80665 m/s²) ba­ra­bar­dyr. Şeý­le ýag­daý­da 1 a.g. gö­ni 735,49875 Wt-dan yba­rat bo­lup, bir­li­giň met­rik ul­ga­my­na gir­me­se-­de, kä­wagt met­rik at güý­ji at­lan­dy­ryl­ýar. (Ol ne­mes­çe. PS, fr. Ch, ni­der­landça pk). ABŞ-da we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da aw­tou­lag pu­da­gyn­da ýy­gy-ýy­gy­dan hä­zir­ki gün­le­re çen­li at güý­ji 745,69988145 Wt (iň­lis­çe aň­la­dy­ly­şy hp) de­ňeş­di­ri­lip, ol 1,01386967887 met­rik at güý­jü­ne ba­ra­bar­dyr. Şo­nuň ýa­ly hem ABŞ-da elekt­rik at güý­ji we magdan at güý­ji ula­nyl­ýar. (Ol ener­ge­ti­ka­da we senagatda ula­nyl­ýar).

Ta­ry­hy. Tak­my­nan, 1789-njy ýyl­da şot­land in­že­ne­ri we oý­lap ta­py­jy­sy Jeýms Uatt “at güý­ji” adal­ga­sy­ny gi­ri­zip­dir. Ol özü­niň bug ma­şy­ny­nyň de­re­gi­ni nä­çe atyň işi­niň tut­ma­ga ukyp­ly­dy­gy­ny gör­kez­mek is­läp­dir. Hu­su­san hem, Uat­tyň il­kin­ji ma­şyn­la­ry­nyň bi­ri­ni suw na­so­sy­ny he­re­ke­te ge­tir­ýän aty­nyň de­re­gi­ni tu­tar ýa­ly haýsydyr bir pi­wo gaý­na­dy­jynyň sa­tyn alan­dy­gy tas­syk­lan­ýar.

Şol wagt­lar Ang­li­ýa­da mag­dan­lar­dan kö­mür çy­kar­mak üçin 140,9-dan tä 190,9 lit­re çen­li sy­gym­ly çe­lek (BAR­REL) haýyrla­ny­lyp­dyr. Bir görnüş­li bar­rel ýü­küniň 400 funt (1 funt – 0,4095 kg) ag­ra­my bo­lup­dyr, ýag­ny 1 bar­rel = 163,8 kg. El­bet­de, şu­nuň ýa­ly çe­le­gi di­ňe blo­guň üs­tün­den zy­ňyp ge­çi­ri­len ur­ga­na bag­la­nan iki at çe­kip, çy­ka­ryp bi­lip­dir. Or­ta­ça iş ulagynyň güý­ji 8 sa­gat işiň do­wa­myn­da onuň ag­ra­my­nyň 15 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär ýa-da 500 kg atyň 75 kg ba­ra­bar­dyr. At 8 sa­ga­dyň do­wa­myn­da şeý­le güýç bi­len sa­gat­da 3,6 km (1/m/s) tiz­lik bi­len 28,8 km ge­çip bi­ler. Uatt atyň ga­dym­dan gel­ýän ener­gi­ýa çeş­me­si­ne gö­zeg­çi­lik edip, şah­ta­dan 160 kg ag­ram­ly çe­le­gi di­ňe sa­gat­da 2 mil­lik (3,6 km/s) tiz­lik­li iki atyň çe­kip, çy­ka­ryp bil­jek­di­gi­ni çak edip­dir. Şeý­le ýag­daý­da at güý­ji iň­lis öl­çe­gin­de 1 hp = 1/2 bar­rel * 2 mill/h = 1 bar­rel*mill/h gör­nü­şi­ne eýe bol­ýar. Şol bir ýag­daý has ow­nuk bir­lik­ler­de 180 funt­dan 181 fu­ta ba­ra­bar­dyr. Ol funt-fut ha­sap­la­ry­ny mi­nu­ta te­ge­läp, at güý­jü­niň mi­nut­da 33 000 funt-fu­ta deň bol­jak­dy­gy­ny ha­sap­lap çy­ka­ryp­dyr.

Uat­tyň ha­sap­la­ma­la­ry uzak wagt üçin ortaça at güýjüne barabar bolupdyr. Az wag­tyň için­de at güý­ji 1000 kgs•m/s tö­we­re­gi güý­je çen­li ösüp, ol 9,8 kWt ýa-da 33 475 BTU/s-e (magdan at güýji) la­ýyk gel­ýär. Beý­le­ki bir mag­lu­ma­ta gö­rä, pik­de – 15 a,g barabardyr. Bri­ta­ni­ýa­nyň Yl­my as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ikin­ji kong­re­sin­de 1882-nji ýyl­da güý­jüň öl­çe­gi­niň tä­ze bir­li­gi – Watt (aň­lat­ma: Wt, W) ka­bul edi­lip­dir. Ol bug ma­şy­ny­ny oý­lap ta­py­jy­nyň hor­ma­ty­na da­ky­lyp­dyr. Şo­ňa çen­li ag­la­ba ha­sap­la­ma­lar­da Jeýms Ua­ttyň gi­ri­zen at güý­ji ula­ny­lyp­dyr.

He­re­ket­len­di­ri­ji­niň kuw­wa­ty. Aw­tou­lag he­re­ket­len­dirijileriniň kuw­wat­ly­ly­gy üçin di­ňe bir dür­li-dür­li öl­çeg bir­lik­le­ri bol­man, eý­sem, dür­li ne­ti­je­le­ri ber­ýän öl­çe­giň dür­li usul­la­ry bar. Ýew­ro­pa­da ka­bul edi­len kuw­wat­ly­ly­gy öl­çe­me­giň ül­ňü­le­re la­ýyk usu­ly hök­mün­de ki­lo­watt ula­nyl­ýar. Eger-de kuw­wat­ly­lyk at güý­jün­de ber­len bol­sa, on­da öl­çe­giň usu­ly dür­li ýurt­lar­da ta­pa­wut­la­nyp bi­ler. (Hat­da, eger-de şol bir at güýç­le­ri u­la­ny­lan ha­la­tyn­da hem).

ABŞ-da we Ýa­po­ni­ýa­da he­re­ket­len­di­ri­ji­niň at güý­jü­ni kes­git­le­mek­de öz ül­ňü­le­ri peýdala­nyl­ýar, ýö­ne olar eý­ýäm köp­den bä­ri ama­ly taý­dan bü­tin­leý baş­ga­la­r bi­len bir nus­ga ge­çi­ril­di. Ame­ri­ka­da we Ýa­po­ni­ýa­da gör­ke­zi­ji­niň iki gör­nü­şi bar: Sap ag­ra­my ölçemek (net­to, net) we brut­to­ny ölçemek (brut­to, gross).

Bi­ziň ýurt­la­ry­myz­da trans­port sal­gydy her­eket­len­di­ri­ji­niň at güý­jün­dä­ki kuw­wat­ly­ly­gy­na bag­ly­dyr. Ozal­lar kä­bir ýurt­lar­da (my­sal üçin, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, Ger­ma­ni­ýa­da, Bel­gi­ýa­da, Fran­si­ýa­da, Is­pa­ni­ýa­da) trans­port sal­gy­dy at güý­jün­dä­ki kuw­wat­ly­ly­gy­na bag­ly bo­lup­dyr. Ýö­ne soňky ýyllarda, käbir ýurtlarda ylaýta-da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da he­re­ket­len­di­ri­ji­niň kuw­wat­ly­ly­gy bi­len bir­lik­de aw­tou­la­gyň ga­ba­ra­sy­ny, Fran­si­ýa­da bol­sa, at güý­ji bi­len bir­lik­de ki­lo­wat­ty hem ula­nyp baş­la­dy­lar.

Perman ARANÝAZOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:19 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 81 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 9%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

«Gazagystan daşary ýurt metbugatynyň gözi bilen» ady bilen bäsleşik geçirilýär

Next Story

DÜNÝÄ TÄZELIKLERI BU GÜN

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop