ADAM BEDENINE PEÝDALY MIWELER

21.06.2024

Ynsan bedeniniň kadaly ösmegi, berkemegi, zähmete ukyplylygy onuň kadaly iýmitlenmegi bilen berk baglanşyklydyr. Adama witaminlere, minerallara baý,  bedenden  zäherli toksinleri, galyndylary çykarmana kömek edýän miweleri,  hyýar,  pomidor,  kelem, kädi, käşir, sogan, sarymsak ýaly gök önümleri, otlary iýmek zerur. Kadaly iýmitlenýän adamlaryň daş keşbi, görk-görmegi göze gelüwli bolýar.

Şu makalamyzda birnäçe gök önümleriň ähmiýeti we düzümi barada okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildim.

*****

KELEM – B1, B2, B6, PP witaminlerine, kaliý, kalsiý, fosfor, elementlerine, ýaglara, kükürde baý. Onda С witamini, limon bilen pyrtykaldaky seredeniňde has köp. Kelem duzsyz iýilende  semizligiň, witamin ýetmezçiliginiň öňüni alýar.

Çig kelemiň maýdaja dogralany, iri dogralyp duzlanany işdäňi açýar, aşgazanyň işini kadalaşdyrýar.

Onuň nerw ulgamyna, iýmit alyş-çalyşyna täsirliligi örän ýokary. Kelem türkmen tebipçiliginde we halk lukmançylygynda kesel bejeriji serişde hökmünde giňden ulanylýar. Deňiz kelemindäki mikroelementler : kalsiý, kaliý, magni, selen, ýod, hrom adam bedeninde örän ýeňil özleşýär, onuň daşky gurşawyň ýaramsyz  hadysalaryna garşylyk görkezijiligini  ýokarlandyrýar. Düzümindäki B12 witamini ganyň emele gelmegine  ýardam edýär, nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrýar.

*****

KÄŞIR – gök önümler, ösümlikler, miweler biziň bedenimize güýç-kuwwat berýär hem-de saglygymyzy berkitmekde uly orun tutýar. Käşir ýokary derejeli iýmit önümi bolandygy sebäpli ähli ýurtlarda giňden ulanylýar. Käşiriň dermanlyk häsiýeti uly. Bu önüm hakda Abu Ali Ibn Sina-da, Gippokrat  hem aýdyp geçipdir.  Sökellikleri bejermekde  käşiriň tohumyny , şiresini ulanýarlar. Onuň gülleriniň düzüminde antositler, krahmal, A, B1, B6, D, E, K, PP ýaly witaminler, aminokislotalar, demir, fosfor, kalsiý, mineral duzlary( kaliý, fosfor, demir, marganes, sink), belok, pektin jisimleri, letesin, fosfatidler hem bar. Bu gök önüm merkezi nerw ulgamyna-da , süňk ulgamyna-da, dişleriň berk bolmagyna-da örän peýdaly. Iň peýdaly gök önümleriň hataryna girýän käşir bedeniň  kesellere  garşy göreşmek ukybyny  we  nerw ulgamyny pugtalandyrýar.

Ýokary gan basyşynyň,  bogunlarda duz  ýygnanmagyň öňüni alýar. Ýürek-gan damar, bagyr böwrek aşgazan kesellerinde  näsagyň ýagdaýyny gowylandyrýar.

Dem alyş ýollarynyň sowuklamasy bejerilende  ary baly bilen garylan käşir suwy ( şiresi) agzy, bokurdagy çaýkamak we içmek üçin berilýär.  Käşir suwy iç gatamany we babasyl geselini  bejermek-de  peýdaly serişde . Şonda uly adamlara 150-200 millilitr, çagalara bolsa 1 nahar çemçesi möçberindäki  käşir suwyny açöze içmek maslahat berilýär. Käşir suwy peşew işläp çykarmagy  güýçlendirýän serişde hökmünde hem ulanylýar. Käşiri iýmek gözleriň görejine hem örän peýdaly. Ol deri örtükleriniň nemli bardalarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.Adamyň gündeki iýmitinde käşiriň bolmagy peýdaly, ol kesellere garşy göreşmek ukyby ýokarlandyryp, ömri uzaldýar. Petruşkanyň, şugundyryň şireleri bilen käşiriň suwy goşulyp yzygiderli içilende  gözüň gan damarlaryny  pugtalandyrýar. Käşiriň düzüminde endamdaky çişleriň ösüşini bökdeýän selen köp. Şonuň üçin ony işdäaçarlara, çorba, ikinji naharlara atmak, çaý ýaly demläp içmek maslahat berilýär.

*****

SOGAN –ynsan gyşyna sowuklamadan, tomsuna bolsa Gün urmadan goraýar. Soganyň bejeriji, berkidiji häsiýetiniň bardygyny, saglyga peýdalydygyny bilýänsiňiz. Ony çig, gowurulan, buglanan, gaýnadylan görnüşde iýmeklik peýdaly. Bejeriji derman hökmünde sogan  gadym eýýamlardan bäri ulanylyp gelinýär. Onuň köp müňýyllyk taryhy bar. Häzirki wagytda sogan dünýäniň ähli ýurtlarynda ösdürilýär, onuň düzüminde fitonsidler, azot jisimleri, şeker, saharoza, maltoza, kalsiniň duzlary, demir, fosfor bar. Olar bolsada ynsan saglygy üçin  örän peýdaly.

Meselem, demiriň duzlary, ganyň düzümini  gowulandyrmaga ýardam edýär, kalsiniň duzlary  bolsa süňk dokumasyny berkidýär. Sogan iýmegi endik eden köp kesellerden goranmagy başarar. Sogan ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasyna, kolitlere, gan basyşyň ýokarlanmagyna, witamin ýetmezçiligine, iriňli ýaralara, soguljana garşy ulanylýar.  Sogan anteşiseptik serişde bolup, ol deri örtüklerindäki tegmilleri hem aýyrýar. Ýapgy görnüşinde hem ulanylýar. Saçyň sagdyn bolmagy üçin hem soganyň peýdasy bar.

Mahym MUHANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:49 am, Nov 22, 2024
temperature icon 9°C
ясно
Humidity 87 %
Pressure 1020 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 7%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Rus ilçisi ýurduň birnäçe nokatlaryndan Türkmenistana howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi

Next Story

«MAGTYMGULY PYRAGY – ADAMZAT ABADANÇYLYGYNYŇ WASPÇY ŞAHYRY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHATDAN PURSATLAR

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop