151 THE ASHGABAT TIMES

Beton we demirbeton işlerinde

29.04.2024

Guýma demirbeton konstruksiýasyny galdyrmak üçin ulanyljak galyby taýýarlamak we ulanmak işi öndürmekligiň taslamasy esasynda ýerine ýetirmelidir. Köp gatlakly galyplargoýulanda, her bir gatlak guýulmazdan öň aşakdaky gatlak berkidilmelidir. Galyplarysökmek ussa ýa-da iş öndirijiniň rugsat bermegi esasynda ýerine ýetirilmeli, has jokapkärli konstruksiýalarda bolsa baş inženeriň rugsady bilenýerine ýetirilmelidir.

Armatur önümlerinitaýýarlamak (setka, karkas, zakladnaýa detal) işleri ýörite enjamlaşdyrylan ýerde alynyp barylmaly. Işçileriň geçýän ýerinde armaturdartylma güýjüne täsir edýän bolsa, onda bu ýeri beýikligi 1,8 metrden az bolmadyk gorag germewi bilen ýapylmalydyr.Eger-de armatur elektrik güýji bilen dartylma sezewar bolýan bolsa,onda armatura 1metrdenýakyn geçmek rugsat edilmeýär.Beton garyndysy taýýarlananda himiki goşundylar ulanylýan bolsa, onda onuň adamyň derisine we gözüne düşmezliginigazanmaly.Her gün beton işleri başlanmazdan öň galyplaryňwe beton çekiji gaplaryň ýagdaýy barlanyp durulmaly. Beton ýerine goýulanda öňki betonyň üsti bilen aralyk 1metrdenaz bolmaly däldir.

Beton garyndysyny goýuljak ýeri 200uly ýapgyt ýagdaýda bolsa, onda işçiler gorag kemerini ulanmalydyr.Beton garyndysyny dykyzlamak üçin elektrik titremeulanylsa, iş kesilen wagty ýa-da bir ýerden başga ýere geçilende ony öçürmelidir.Beton elektrik güýji bilen gyzdyrlandaol ýeri gorag germewi bilen ýapylmalydyr.Ýagtylyk we howpsyzlyk belgiler bilen bellenmelidir. Adamlaryň bu ýerden göçmekligi ýa-da iş alyp barmaklygy rugsat edilmeýär.Timarlaýyş işleri ýerine ýetirlende işçileriň hereket ediş ýerleriniň agaçlary,aşagynda başga işler ýerine ýetirlende ýa-da geçelge bolan ýagdaýda tekiz wedykyz ýerleşdirilen bolmalydyr.

Palçyk sorujyarkaly iş ýerine berilýän ýagdaýda operator bilen sürijiniňarasynda iki taraply arabaglanyşyk bolmalydyr.Eger-de ýagtylyk ulgamly bolmasa, onda gurulýan jaýyň ýa-da desgalaryň otaglaryny suwagdan guratmak üçingyzgyn howany ulanmak bolar (elektrik ýa-da suwuk ýangyjyň kömegi bilen, onda ot howpsyzlygyny ýerine ýetirmek).Reňkleýjierginleri esasan merkezleşdirlen ýagdaýda taýýarlanýar. Bu işler gurluşyk desgasyndaýerine ýetirilse, onda bu otaglaryň howasyny täzelemelidirhem-de gyzgyn suw we sabyn bilen üpjün edilmelidir.Reňkler taýýarlananda ondan partlama howply buglar çykýan bolsa, onda ýalyn we otdan seresap bolmaly.Partlama howply materiallaryň, gaplaryň gapaklary iş kesilen wagtynda ýapyk bolmalydyr. Gaplaryň gapagy açylmaga ulanyljak gurallar ýalynçykaryjy bolmaly däldir.Reňkleýjiişleri ýerine ýetirlende ulanyljak garyndylarda erbet maddalar düzüminde bolsa sanitar düzgünler ýerine ýetirilmeli.

Aýna goýmak işleri ýokarda ýerine ýetirilen ýagdaýda, onuň aşagy geçmez ýaly germew bilen ýapylmaly. Aýna goýmak işleri başlanmazdan öň aýnanyň berkligi we abatlylygy barlanmaly.Aýna materialy ýokary galdyrlanda we ýerinden başga ýere geçirlende olary howpsyz ýörite gaplarda geçirmeli.

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:51 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
thumbs b c 0b9b45f3d45634048562e512184a8bd6 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aral meselesi bilen göreşmek baradaky alnyp barylýan çäreler

snimok ekrana 63 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzyň talyp ýaşlary halkara olimpiadalarda baýrakly orunlarda

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop