2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan ilçi Metýu S. Klimow ABŞ-nyň ilçisiniň rezidensiýasynda wezipede bolmak ygtyýarlygynyň tamamlanmagy mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda soňky metbugat maslahatyny geçirdi.
Bu çäre dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdy we olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ilçiniň goşan goşandy we iki ýurduň arasyndaky geljekki mümkinçilikler boýunça pikir alyşdylar.
Metbugat maslahatynyň dowamynda ilçi Metýu Klimow özüniň işlän döwründe gazanylan ähmiýetli sepgitleri belledi. Ol ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň esasynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň özüniň alyp baran işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolandygyny aýtdy we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň hyzmatlaryny belledi. Bularyň arasynda COP-28-iň çäginde metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlygy, suw baýlyklaryny ulanmak meseleleri, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) girmegine maslahat beriş goldawy, kiçi hususy kärhanalaryň eksport potensialyny ösdürmäge degişli işler we medeni-ynsanperwer taslamalar bar.
Şeýle-de, ilçi Metýu Klimow ýaşlaryň ösdürmäge we olara sanly we maglumat tehnologiýalaryny netijeli öwretmäge gönükdirilen STEM taslamalaryny hem atlandyrdy. Zenanlaryň bu taslamalara gatnaşmagyna gönükdirilen işler aýratyn ünsi çekmelidigini aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, M.Klimow türkmen-amerikan bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada durup geçip, Türkmenistanyň gymmatly çeşmeleriniň, ilkinji nobatda bu milletiň adamlardygyny aýtdy.
Jenap ilçi M.Klimowyň özüniň ýurduň içinde köp aýlanyp görendigini we Türkmenistanyň islendik künjeginde adamlaryň açykgöwünliligi, myhmansöýerligi bilen täsir galdyrandygyny beýan etdi. Şeýle hem, ýurduň zehinli talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary bilen ençeme gezek duşuşandygyny, olaryň bilime höwesekdikleri bilen özüni hemişe begendirendigini nygtady. Ol eger diplomatik işlerinden daşary wagt tapan bolsa, her hepde-de welaýatlardaky amerikan burçlaryna baryp, ol ýerdäki türkmen ýaşlary bilen duşuşmak isländigini aýtdy. Ilçi M.Klimow türkmen aşhanasyndan palawyň özünde aýratyn täsir galdyrandygyny we bu tagamy taýýarlamaga synanyşjagyny aýdyp ýylgyrdy.
Ilçi Metýu Klimow özüniň 6-njy iýulda Türkmenistandan gidýändigi, diplomatik wezipäni dowam etmek üçin ilçi hökmünde bellenilen Elizabet Rudyň bolsa, 23-nji iýulda ýurda geljekdigi barada metbugat maslahatyna gatnaşyjylara habar berdi.