Dark
Light
26.01.2026
lettuce field irrigation sprinklers THE ASHGABAT TIMES

Türkmen telekeçisi ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy teklip edýär

24.06.2024

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Enwer Babaýewe degişli «Ezber eller» kärhana oba hojalygynda ozal ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy hödürledi.

«Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda çap edilen sanynda habar berilmegine görä, täze enjam «altyn dänesinden» tygşytly peýdalanmak meselesini çözmekde ygtybarly serişde bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu enjam, birinjiden, suwy tygşytlamakda, ikinjiden, ýyladyşhana üçin çykdyjylaryň mukdaryny azaldyp, netijeliligi ýokarlandyrmakda uly gymmata eýedir.

Suwy zyýansyzlandyrmagyň birnäçe görnüşleri belli bolup, olaryň hatarynda ýylatmak, ozondyr ultrasüzgüç, hlorid arkaly zyýansyzlandyrmagy görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, kärhana tarapyndan ýola goýlan suw täze enjam arkaly pes basyşly çyralar bilen ultramelewşe şöhleleri ulanmak arkaly zyýansyzlandyrylýar.

Bu usul ygtybarly häsiýete eýe bolup, suw ultramelewşe şöhleleri arkaly zyýansyzlandyrylanda, oňa hiç hili himiki maddalar goşulmaýar. Munuň özi suw dolanyşygyndaky ozalky mukdary ençeme esse azaltmaga we öňki hasyllylygy saklap galmaga kömek edýär.

Makala ilki «Biznes Türkmenistan» saýtynda 24-nji iýunda çap edildi.

555 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guruljak seýilgähiň taslamasy bilen tanyşdy

sergi 24062425696 700x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda Eýranyň «Iran AgroFood» ady bilen ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss