Arkadag şäherinde Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamasy taýýarlanyldy

24.06.2024

2024-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy, onuň ýerleşjek ýerleri we gurluşyk işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda bu ýerde halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýdyp, halyçylaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde uly göwrümli halylar, tebigatyň görnüşlerini janlandyrýan halylar bölüminiň, surat halylar bölüminiň, portret we sowgatlyk halylar bölümleriniň döredilmelidigini aýdyp, haly dokalanda ulanylýan gaýçy, syndy, keser, darak ýaly enjamlaryň hemişe gurat saklanmagy üçin halyçylaryň ýörite ussahanasynyň hem bolmalydygyny nygtady.

Türkmen halysy – türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edildi.

loader-image
Ashgabat
7:04 am, Nov 22, 2024
temperature icon 11°C
ясно
Humidity 54 %
Pressure 1021 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 11 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Aşgabatda Eýranyň «Iran AgroFood» ady bilen ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Next Story

Ýylyň öňdebaryjy mugallymlary sylaglandy

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss