Dark
Light
25.01.2026
1719316324102975103 1000 1 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

25.06.2024

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabatda Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtyň Seýdi köçesiniň ugrunda ýerleşýän medeni merkeziň gurluşygynyň taslamasy iki ýylyň dowamynda durmuşa geçirildi.

Çärä Dokma senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky «Dokmaçylar» folklor-etnografik tans topary, medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular we ýurdumyzyň kümüş saçly eneleri gatnaşdylar.

Dabara tans toparynyň şowhunly çykyşlary bilen badalga aldy. «Dokmaçylar» ansambly birnäçe ýyl bäri aýratyn milli öwüşginli hereketleri bilen türkmen milli tanslaryny ýerine ýetirip gelýärler.

Ansamblyň oglan-gyzlar elmydama milli saz gurallaryň şirin owazynyň we halk aýdymlaryň astynda ajaýyp tans eserlerini döredýärler. Çärä gatnaşyjylar sungat işgärleriniň ýerine ýetiren çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen goldadylar.

Täze «Dokmaçylar» medeni merkezi ýaşlara häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän ajaýyp binada işlemäge we döretmäge mümkinçilik döreder.

Täze binada döwrebap enjamlaşdyrylan uly tans zallary, geýim otaglary, sport zallary, fitnes otaglary, ýazgy studiýalary we beýleki döredijilik bölümleri hereket edýär.

tm cult kz 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

city 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri — nurana ertirleriň şäheri

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss