Dark
Light
25.01.2026
all about tilapia 722x406 1 THE ASHGABAT TIMES

Balyk etiniň beloklary

27.06.2024

Iýip bolýan etdäki azotly maddalaryň mukdarynyň üýtgäp durmagy balygyň aýratynlygydyr. Balygyň etin-däki umumy azotyň ortaça 85%-i belok azotynyň paýyna düşýär. Balyk etindäki beloklaryň köp bölegini (55 – 65%) aktomiozin toplum beloklar-miozin, aktin, tropomozin tutýar. Olar miofibrill myşsa süüýmleri-ni emele getirýärler. Sarkoplazmatiki beloklar-miogen, mioalbumin, globulin Х onuň 20 – 25%-ini tutýar. Birleşdiriji dokumalaryň paýyna ortaça 2 – 4% kallogen we elastin (gemirçekli balykda 8 – 10%-eçenli) düşýär. Bulardan başga-da balyk etinde häsiýetini üýtgedip eremeýän beloklar (5 – 8%) – nukleproteidler, lipoproteidler, mukopro-teidler, hromoproteidler we beýleki belok maddalar bardyr.

Balyk etindäki belokda ähli çalşyp bolmaýan aminokislotalar bardyr. Olaryň mukdary dürli balyklar üçin dürlüdir. Aminokislotalaryň mukdary ýagny walin – 0,6-9,4%, leýsin – 3,9-18,0%, izoleýsin – 2,6–7,7%, lizin – 4,1-14,4%, metionin – 1,5- 3,7%, treonin – 0,6-6,2%, triptofan – 0,4-1,4%, fenilalanin – 1,9-14,8%-e deňdir.

Balygyň myşsa beloklary, daşky gurşawyň üýtgemegine has duýgurdyr. Miozin, globulin Х et doňdurylanda we balyk doň ýagdaý-da saklananda häsiýetini üýtgedýär (denaturirlenýär). Netijede, balyk beloklarynyň gidrofillik (suw saklaýjylyk) häsiýeti peselýär. Balyk kollageni, oksiproliniň mukdarynyň azlygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli hem onuň häsiýetini üýtgetmek temperaturasy has pes (40°С-egolaý). Şeýle-de ýylylyk bilen işlenende gurluşynyň üýtgemegi tiz geçýär.

Gülbahar HYDYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

untitled 1 e1719504528147 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri 2-nji gün II bölüm

3070114586 361ca71a29 z THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Balyklaryň täsin dünýäsinden…

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop