Talyplyga dalaşgärler üçin degişli kanunda göz öňünde tutulýan ýeňillikler

17.07.2024

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurtda giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, degişli dalaşgärler üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bular barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulky sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen rejelenen görnüşli «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda:

  • ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň;
  • maýyplygy bolan çagalaryň, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň netijenamasyna laýyklykda, degişli bilim edaralarynda okamagyna rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolanlaryň;
  • harby we hukuk goraýjy edaralaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby gullukçylarynyň (işgärleriniň) çagalarynyň;
  • köp çagaly (sekiz çagadan az bolmadyk) maşgalalardan bolanlaryň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýändigi kesgitlenilýär.

Şeýle-de bu Kanunda:

  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň;
  • taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň;
  • taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň;
  • III topar maýyplygy bolanlaryň;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenleriň;
  • saýlan taýýarlygynyň ugry (hünäri) boýunça iki ýyldan az däl iş döwri bolan dalaşgärleriň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýandyklary beýan edilýär.
loader-image
Ashgabat
4:46 am, Sep 19, 2024
temperature icon 15°C
небольшая облачность
Humidity 58 %
Pressure 1018 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Türkmenistandan meýletinçi Çernogoriýada geçen sebitleýin mejlise gatnaşdy

Next Story

Hytaý diliniň täsin dünýäsinden

Soňkylar Ylym-Bilim

Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas

19.09.2024
Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas Nyşapuryň abraýly maşgalasyndan bolupdyr. Çagaly gyndan soltan Mesgudyň hyzmatynda bolup, mylaýymlygy we özüni saklamagy öwrenipdir. Ol özüniň

Hüdük Myradow       

19.09.2024
Hüdük Myradow 1921-nji ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.1939-njy ýylda 7-nji synpy tamamlap Hüdük Myradow, traktor brigadada işe başlap 1941-nji ýyla çenli

Bilim we tehnologiýa

18.09.2024
Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty bütin dünýäniň halklary bilen ysnyşykly dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny günsaýyn ösdürýär. tagallasy bilen ýurdumyz, şol sanda ilkinji nobatda Aşgabat şäherimizi

“Ajdarhaly” şäherler

18.09.2024
Ajdarha şekilleri aslynda taryhda birnäçe ýerlerde duş gelmegi gadymy döwürlerde ajdarhalaryň keşbiniň ynsan durmuşynda aýratyn ornunyň bolandygyndan, belli bir totem bolandygyndan, belli bir ynançlara
GitTop

Don't Miss