Hazar – dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

12.08.2024

Şu gün — 12-nji awgustda Hazarýaka döwletleriň ählisinde — Türkmenistanda, Russiýada, Gazagystanda, Eýranda we Azerbaýjanda Hazar deňziniň güni bellenýär. Hazar deňzi onuň bilen serhetleşýän her bir ýurt üçin hazynaly mesgendir. Şu nukdaýnazardan, 2003-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň daşky gurşawy goramak boýunça döwlet gulluklary Eýranyň paýtagty Tähranda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny (Tähran konwensiýasyny) kabul etdiler. Bu Konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi we her ýylyň bu senesinde Hazar deňziniň güni bellenip geçilýär.

Hazar deňzi barada ýazylan taryhy çeşmelerde onuň 70-den gowrak adyna duş gelmek bolýar. Deňziň uzynlygy demirgazykdan günorta, takmynan, 1200 kilometre, gündogardan günbatara bolsa 195-den 435 kilometre deňdir. Deňziň tutýan meýdany 390 müň inedördül kilometre barabar bolup, kenarýaka zolagynyň umumy uzynlygy 6700 kilometre barabar. Hazar deňzi dünýä ummanynyň derejesinden 27 metr pesde ýerleşip, onuň iň çuň ýeri 1025 metrdir. Daş-töweregi gury ýer bilen gurşalan deňzi başgaça dünýäniň iň uly köli diýip hem atlandyrýarlar. Hazar deňzine derýalaryň 130-a golaýy özüniň suwuny guýup, onda balyklaryň 100-den gowrak, ösümlikleriň hem 728 görnüşi duş gelýär. Dünýäniň iň kiçi
görnüşli düwleni – Hazar düwleni diňe şu deňizde gabat gelýär.

Hazar giňişligi ykdysady, energetika we ulag kuwwaty babatda giň mümkinçiliklere eýe bolan strategik sebitdir. Onda ägirt uly uglewodorod baýlyklary jemlenendir. Her ýylyň 12-nji awgustynda – Hazar deňziniň gününde halkara ähmiýetli çäreler geçirilýär. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa hem hut şu günde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edildi. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awazada I Hazar ykdysady forumy ýokary derejede geçirildi.

Her ýylyň 12-nji awgusty Hazar deňziniň Halkara günüdir. Her ýyl bellenilip geçilýän bu baýramy Hazarýaka döwletleri deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirýärler. Biziň ýurdumyzda hem Hazar deňziniň güninde ýurt boýunça dürli çäreler bilen bellenilýär, hususan-da Hazar kenarýaka şäheri Türkmenbaşyda giňişleýin çäreler geçirilýär. Hazar deňziniň güni diňe bir geçmiş we häzirki döwür üçin baýramçylyk däl, eýsem geljege garaýşyň hem jemidir. Türkmenistan bu aýratyn gününiň bellenmegi bilen, Hazar deňziniň gözelligini we baýlygyny goramak üçin öz borçnamalaryny ykrar edýär.

Hazar deňzi, ýokary tehniki resurslara eýedir. Deňzde uly möçberde nebit we gaz baýlyklary bar, bu bolsa sebitde ykdysady ösüşiň we halkara maýa goýumlarynyň ösdürilmegi üçin esasy mümkinçilikleriň biridir. Mundan başgada Hazar deňzi, kenarýaka ýurtlar üçin möhüm ulag ýoludur. Ol, bu ýurtlaryň içerki sebitlerini halkara bazarlary bilen baglanyşdyrmaga hyzmat edýär.

Döwletýar Arçamyradow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:21 pm, Nov 24, 2024
temperature icon 18°C
переменная облачность
Humidity 52 %
Pressure 1013 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Hazar deňziniň güni – dost doganlyk baýramy

Next Story

Garaşsyzlyk biziň ata–babalarymyzyň arzuwlan bagty

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

20.11.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
GitTop