Surat: ria.ru

Türkmenistanly ýaşlar VIII Baýkal forumyna gatnaşdylar

20.08.2024

Türkmen wekiliýeti 16 — 19-njy awgusty aralygynda Burýatiýa Respublikasynyň guramagynda Baýkal kölüniň kenarynda VIII Baýkal ýaşlar forumyna gatnaşdy. Çäräniň maksady halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etjek halkara ýaşlar toparlaryny döretmekden ybaratdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 20-nji awgustyndaky sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda «Meýletinçilik hereketiniň ýyly» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda geçirilmegi bu ugurdaky gatnaşyklary giňeltmekde amatly gurşawy döretdi. Oňa BRIKS we GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty boýunça hünärmenleri, ýaşlar hereketleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Forumyň çäginde ýaşlaryň watançylyk terbiýesi, meýletinçilik, ýaşlar mediasy boýunça okuw sapaklarydyr «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler guraldy. Medeni-sport çärelerine giň orun berildi diýlip, habarda bellenilýär.

loader-image
Ashgabat
5:14 am, Sep 19, 2024
temperature icon 19°C
ясно
Humidity 33 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 1 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli Maslahatyň taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy

Next Story

Eýranyň ylmy-tehniki parkynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen iş sapar gurnaldy

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss