Dark
Light
25.01.2026
e0392e4869005a91a8183e6de431b493 THE ASHGABAT TIMES
Surat: mojnews.com

Eýranyň ylmy-tehniki parkynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen iş sapar gurnaldy

20.08.2024

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlarydyr ylmy işgärleri Eýranyň Horasan-Razawi welaýatynyň Maşat şäherindäki Ylym we tehnologiýalar parkyna tanyşlyk saparyny guradylar. Üç günlük saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri parkyň nebithimiýa, elektron we beýleki ugurlardaky mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Bu barada ISNA salgylanyp HHM 20-nji awgustda habar berdi.

Ylmy-barlag we tehnologiki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle hem tejribe alyşmak maksadyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Horasan» Ylym we tehnologiýalar parkynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak teklip edildi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda iki goňşy ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.

1a2866b8738660b9e2d6d3fb21951497 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanly ýaşlar VIII Baýkal forumyna gatnaşdylar

avaza resort THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hazar – Zemin hazynasy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss