GÜL NAGYŞLAR GYZ-GELNE ÝARAŞYK

10.01.2024

Bu jümlede dünýä ýaly giň many bar. Her bir ene öz gyz balasyna edep hem zähmet terbiýesini bereninde säwlige ýol bermejek bolýar. Şonuň üçin hem maşgalada gyz çaga ulalyp ugranyndan oňa edep-terbiýe öwredilip başlanýar. Mahal-mahal çagalygyňa dolanýarsyň welin, ýatlamalar seni ejäniň ýyly mährine çoýýar. Eje ogul zürýadyna-da terbiýe berýändir welin, ýöne gyz perzendine gezek gelende talapkär bolýan pursatlary az däldir. Perzentlerine ýagşy görüm-görelde bolýan ene ogul-gyzyny mähre çoýýar. Şol mähir, şol ýylylyk hiç haçan sowamaýar. Ösüp gelýän gyzjagaza el hünärini öwredip başlamak ýeňil iş däl. Ýöne eje gyzyna öz hünärini bermegi borjy saýýar. Şonuň üçin hem maşgaladaky arassaçylykdyr aşhana işleri bilen birlikde, el işlerini-de gyzyna ýadaman-ýaltanman öwredýär. Irginsiz zähmet, siňdirilen yhlas ýerine-de düşýär. Haçan-da ejem maňa keşde çekmegi öwredende, men içimden onuň ökde keşdeçidigine buýsanýardym. Ondan keşdeçiligiň ähli inçe usullaryny öwrensemdim diýip höwes edýärdim. Ýöne ejemden keşde çekmegiň usullaryny däl-de, şol keşdeleriň gelip çykyşyny, atlarynyň aňladýan manylaryny has köp soraýardym. Şonda ejem: «Bu sowallaryňa eneň gowy jogap berer» diýýärdi. Enemlere gidip, bu sowallaryma jogap tapyp gelenimden soň, ejeme, gyz doganyma, gyz jigime hezil edip gürrüň bererdim. Kähalatda ejem gürrüňime düzediş girizýärdi welin: «Eje, senem bilýän ekeniň-ä» diýip, onuň özüniň bilýändigine garamazdan, enemiň ýanyna ugradyşyna haýran galardym. Ejemiň şol hereketlerine indi aňryýany bilen düşünýärin. Keşdeli ýatlamalarymda «Ejem öwredipdi», «Enemden eşidipdim» ýaly jümleleriň bolmagy ejemiň hyzmaty. Ol eje bilen gyzyň arasynda mähribanlygyň bolşy ýaly, ene bilen agtygyň arasyndaky gatnaşygyň-da mähre ýugrulmagyny islän eken. Ajaýyp bir gül çemenini ýatladýan keşdä ejem «Gülşatkeşde» diýerdi. Ol ýaka nagyşlarynda has owadan görünýärdi. Ejemiň keşde nusgalarynda şol nagyş köp gaýtalanýardy. Men bir gezek: «Ene, şol keşde gyz ady bilen baglanyşyklymy?» diýip, enemden sorapdym. Enemiň başyny ýaýkap: «Ýok» diýip, beren jogaby söhbediň yzyny diňlemäge has-da gyzyklandyrypdy. Ir wagtda eli çeper ýaş gyzlaryň biriniň ilki ejesi, soňra bolsa kakasy ýurduny täzeläpdir. Ýetim galan çagalara ýakyn garyndaşlary howandarlyk edipdirler. Wagt geçse-de maşgaladaky agyr ýitginiň yzasy könelişibermändir. Uzakly gün keşde çekip, oturan gyz gamgynlyga özüni aldyryp ýaşapdyr. Gün yzyna gün, ýyl yzyna ýyl aýlanypdyr. Kämil ýaşa ýeten gyzyň keşdeleri il içinde nusga bolup gezipdir. Ýöne günlerde bir gün hatardaky ak saçly eneleriň biri oňa: «Gyzym, ata-enä taý geljek ynsan ýok. Ýöne olaryň ýoklugynda-da durmuşy dowam etdirmeli bolýar. Sen öz durmuşyňy, özüňden kiçi jigileriň geljegini-de pikir etmeli. Gamgynlyk bilen menzil aşmak kyn bolar. Ata-eneň ruhuny şat etjek bolsaň, indi gamgynlykdan saplan. Ýyllar ýarany köneldýändir. Çekýän keşdeleriňde-de gamgynlyk bar. Seniň el işleriň bolsa il gezýär. Goý, il gamgyn nusgalary däl-de, geljege umyt bagladýan keşdeleri nusga edinsinler. Güli ýatladýan keşdeleri döret, gyzym» diýip, maslahat beripdir. Şondan soň gyz uzak wagtlap pikir edip, ahyry ýüregini bire baglap, durmuşa umytly garap başlapdyr. Onuň içki dünýäsindäki öwrülişik keşdelerinde-de duýlupdyr. Bir gün hem gül çemenini ýatladyp duran keşdäni döredipdir. Ene bu keşdäni görüp begenip: «Ine, bu nagşyňda gamgynlyk däl-de şatlyk bar. Durmuşyňam şu gül keşdesi ýaly güllesin!» diýip, ýagşy dileg edipdir. Eli çeper gyzyň täze nusgasy ile ýaýrap, sungata siňip gidipdir. Kim ol nagşa «gülkeşde» diýip at goýsa, kimsi «gülşatkeşde» diýipdir. Hawa, her nagşyň öz döreýiş taryhy bar. Nagyşlaryň käbiriniň birnäçe nusgasy, käbiriniň bolsa birnäçe atlandyrylyşy bar. Ýöne haýsy bolandada, milli nagyşlarymyz gözelligi hem milliligi bilen tapawutlanýar. Käbir nagyş keşde nusgasynda döräp, soň keçe senedine-de bezeg beripdir. Munuň özi, ajaýyp nusgalaryň sungata öwrülýändigini görkezýär. Ejemizden, enemizden, ýeňňelerimizden ýa aýal doganlarymyzdan öwrenen keşdelerimize bolan isleg bu gün has uly. Gyz-gelinlerimiziň on barmagynyň hünäri bolan ajaýyp el işleriniň milli lybaslarymyza bezeg bermegi bagtyýarlyk döwrümiziň toý-baýramlarynyň her bir pursatynyň millilikden başlanýandygyny görkezýär. Ejäniň aladasy — perzentleriniň bagtly geljegi. Gyz perzent ýaşlykdan terbiýe görüp, hünär öwrenen bolsa, ol durmuşda kösenmeýär. Şonuň üçin hem milli terbiýede-de, edebi çeşmelerde-de gyzlara degişli öwüt-ündewler az däl. «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz — gymmatly», «Gyz edebi — il edebi», «Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen» ýaly nakyllar muňa aýdyň mysaldyr. Eje gyz perzendini şeýle mähir, alada bilen gurşap, geljekde onuň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna aýdyň ýol görkezýär. Çünki ejäniň bagty — perzentleriniň bagty. Ata-enäni bagtly etmek her birimize nesip etsin!

Laçyn HUDAÝBERENOWA
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:01 pm, Nov 23, 2024
temperature icon 15°C
переменная облачность
Humidity 55 %
Pressure 1024 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNDA NESIL TERBIÝESI

Next Story

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝÖRELGELERI

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop