flag of the seljuks THE ASHGABAT TIMES

Seljuk türkmen taýpasynyň güýçlenmegi

13.09.2024

Seljuk türkmenleriniń taryhyna degişli öz döwrüniń taryhçylarynyń birnäçe eserleri saklanypdyr. Şol kitaplaryń biri XV asyrdaýaşap geçen türkmen taryhçysyÝazyjy ogly Alynyń “Seljuk türkmenleriniń taryhy” atly kitabydyr.

Bu kitap osman türkmenleriniń soltany Myrat II hökümdarlyk edenýyllarynda (1421-1451) ýazylypdyr.

Kitabyń Beýik Seljuklar döwrüniń taryhy hakdaky bölümindegymmatly maglumatlar az däl. Aýratynam, Seljuk ibn Lukman ibnDukagyń uly ogly Ysraýyl bilen baglanyşykly köne çeşmelerde seýrekduşýan maglumatlar bu kitapda gińişleýin berlipdir.

Bu eserde Seljuk soltanlarynyń gaýry duşmanlar we içerkiýagylarbilen alyp baran göreşleri, olaryń ägirt uly hormata eýe bolşy, mertliklerigińişleýin suratlandyrylýar. Seljuk soltanlarynyń dińe bir pähim-parasat bilen hokum sürmän, eýsem, olaryń şahsy edermenlikleri hem görkezendikleri subutnamalar bilen beýan edilýär. Soltanlaryń biri öz dogany bilen ońuşman, ýurtdan çykmaly bolanda, rumly patyşanyń köşgüne barýar. Örän ýokary hormat bilen garşylanandan soń, rumly patyşanyń ýanynda edep-hormaty unudan bir tekepbir pereńli bilen başa-baş söweşe girýär. Rum patyşasy hernäçe garşy çyksa-da, ol Seljuk neberesiniń sähelçe äsgerilmezligi özlerine ar bilýändigini, namysa galandan bolsa ölümi saýlap almagy artyk saýýandygyny aýdýar hem-de hiç hili eglişige gelmeýär. Şeýlelikde, ýekme-ýek söweşde pereńli pälwany ýeńýär. Bu bolsa Seljuk soltanlarynyń türkmenleriń ata-baba saklanyp gelýän mertliklerini unutman, sońky demlerine çenli saklandygyny subut edýär.

Iki jiltden ybarat bu kitaby Türkmenistanyń milli medeniýet “Miras” merkeziniń işgäri Rahmanberdi Çodarow terjime edip, çapa taýýarlapdyr.

Şeýle kitaplaryń biri-de Ibn Esiriń “Kämil taryh” atly köp jiltli işiniń türkmenlere degişli bölümleriniń toplanylyp, terjime edilip, 3 jiltli edilip okyjylara ýetirilen eseridir. Muhammet Utbiniń “Mahmyt Gaznalynyń taryhy” eserinde hem Seljuk türkmenleriniń taryhyna degişli gymmatly maglumatlar bar. Bulardan başga-da döwrüniń wakalary Muhammet Münewweriń “Mäne babanyń kerematlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar” atly kitaby, Sadredden Hüseýniniń “Taryhyń gaýmagy”, Zahyreddin Nişapurynyń “Seljuknamasy”, Mahmyt Kaşgarlynyń “Türki diliniń sözlügi”, Moglataý ibn Gylyjyń “Seljuk Türkmen soltanlarynyń taryhy” ýaly işlerde beýanyny tapypdyr. Kätip Esadylla Kermanlynyń “Kermanyń taryhy” atly kitabynda Çagry begiń ogly Gurt begiń nesilleri bolan Kermandaky Seljuk türkmen soltanlarynyń taryhy beýan edilýär. Mälik şanyń buýrugy bilen ýazylan, Seljuk türkmenleriniń döwletiniń kanunlary baradaky Hojamulmülkiń “Şalaryń düzgünnamasy”, Ibn Abdylla Mahmydyń “Türkmenleriń taryhy” ýaly işler barada öń maglumat hem ýokdy. Beýik Serdarymyzyń tagallasy bilen Beýik Britaniýa guralan ylmy saparyń netijesinde ol eserler tapylyp getirildi. Hormatly Prezidentimizdünýäniñ dürli ýurtlaryndangolýazmalary getirdip, terjime etdirýär we olary çap edip halkymyza ýetirmäge şert döredýär.

Selguk türkmenleriniň taryhy Abulgazy Bahadur hanyń “Türkmenleriń nesil daragty” we seljuklar meselesini düýpli işlän Sergeý Grigoriýewiç Agajanow olaryň taryhyna degişli ylmy işlerinde gińden beýan edilýär.

Perman ANNAÝEW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
giqh5luzvblznq2gnfwgm40u2yycfxl2vsj0zkwz9jtx3ljvufhjvysq9aty 960x498 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mälik şanyň şahsyýeti

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop