Mälik şanyň şahsyýeti

13.09.2024

Maglumatlara görä Mälik şa orta boýly, giň omuzly, daýanykly, biraz garyn salan sakgally adam bolupdyr. Ol her hili ýaragy ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyr. Atan oky nyşandan sowa geçmändir.Mälik şa aw awlamagy örän halapdyr.

Soltan Mälik şa öz döwrüniň meşhur serkerdesidi. Onuň hut özi ençeme gezek esgerlerini söweşe alyp gidipdir. Hiç haçan ýeňilmedigi üçin oňa «Abul Fath», ýagny «Ýeňiji» lakamy berlipdir. Soltan «Jela leddin» lakamynyň, «Sultan’ul-alem», «Sultanu’l a’zam», «as-sultan’ul-Muazzam» ýaly şöhratly unwanlaryň eýesidi.

Soltan Mälik şanyň ölümi barada şübheli maglumatlar bar. Olaryň birinde soltanyň aw etini iýenden soň, garahassalyk keseline uçrap, aradan çykandygy aýdylýar. IbnEsir soltanyň 1092-nji ýylynyň Noyabr aýynyň 18-inden 19-yna geçilýän gijesiýogalandygyny ýazýar. IbnEsiriň maglumatlaryna görä, «beýik türkmen soltany ýogalanda onuň 37 ýaşy bardy. Ol on dokuz ýyl we alty aý soltanlyk etdi».

Ermeni taryhçysy Urfaly Mateos şeýle ýazýar: «1092-nji ýylda hemmäniň howandary we bütin ynsanlara garşy merhemet eýesi bolan beýik soltan Mälik şa öldi. Ol Bagdat şäherinde, Samarkant häkiminiň gyzy bolan aýaly tarapyndan haýynlyk bilen öldürildi. Ol bu muhterem kişä zäher içirip, onuň çaýyna guýdy». Abul-Faraj bolsa: «Soltan garahassalyk keselinden ýogaldy. Aýtmaklaryna görä, Hurdik atly guly oňa zaher içiripdir» diýip ýazýar. Mälik şa Yspyhanda jaýlanypdyr.

Wizantiýa imperatorlygy her ýylda Mälik şaha 1mln. dinar salgyt tölemäge borçlanypdy.

Soltan Mälik şanyň döwründe Beýik Seljuk türkmen imperiýasy ykdysady ösüşiniň ýokary derejesine galypdyr. Ülkäniň çar ýanynda kerwenler gatnapdyr. Hamdallah Kazwininiň «Risaleý’i Mälik şah» eserinde beýan etmeginegörä, onuň döwründe diňe merkezi welaýatlaryň döwlet gaznasyna töleýän salgydy 200 mln altyn dinara ýetipdir. Taryhçy Ibn’ul-Jewziniň maglumatlaryndan çen tutanymyzda köşk gaznasynyň býujeti bolsa 20 mln dinara barabar bolupdyr. Ýeri gelende ýatlasak, bu zatlaryň özi Beýik Seljuk türkmen döwletiniň ykdysady gurbunyň ýokary bolandygyny görkezýär. Şeýle gurply döwletiň soltany bolansoň Mälik şa onuň dürli künjeginde metjit-medreseleri, köşkleri, kitaphanalary, kerwensaraýlary, kerwen ýollarynyň ugrundaky düşlegleri, galadyr şäherleri gurduryp bilipdir.

Beýik soltan Mälik şa Mekgä gidýän haj ýoluna uly ähmiýet beripdir. Mekgä we Medinä barýan ýollar ýörite düşleg menzillerini, myhmanhanalary gurdurypdyr. Haja barýan musulmanlaryň suwsuzlykdan kösenmezligi üçin guýular, çeşmeler, howuzlar gazdyrypdyr. Käbä zyýarata gidýän musulmanlaryň Mekge çölünde oturanlara mejbury tölemeli salgydyny ýatyrdypdyr.

Orta asyr taryhçysy Ymadetdin Yspyhanynyň ýazmagyna görä Mälik şa suwaryş ulgamlarynyň dikeldilmegi, kanallaryň gazylmagy, bentleriň, köprüleriň, gala diwarlarynyň gurluşygy üçin ummasyz serişdeleri harçlapdyr. Mälik şa Merw şäheriniň abadançylyna aýratyn ähmiýet beripdir. Bu barada taryhçy Ö.Gündogdyýew özüniň «Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyň soltanlary» diýen tutumly makalasynda şeýle ýazýar: «Soltanyň emri bilen Merw jülgesiniň daşyna 12300 ädim uzynlygyndaky gorag diwarlary aýlanypdyr, 100 müň adamyň güýji bilen Murgabyň suwaryş ulgamy ýarym ýylyň dowamynda doly dikeldildi».

Mälik şanyň döwründe senetçilik şäher durmuşunyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Dokmaçylyk, demirçilik, deri işläp bejermek ussahanalarynda şol döwrüň ýokary hilli önümleri öndürilýärdi. Kagyz, aýna işläp bejermek giň ýaýrapdy. Merwde dokalýan nah, ýüň we ýüpek matalarynyň şöhraty bütin yslam älemine dolupdyr.

Soltan Mälik şa goşuny gaýtadan üýtgedip gurupdyr. Goşun üç bölege bölünipdir. Esgerlere we goşunbaşylara aýlyk haky bellenipdir. Çeşmeleriň habar bermegine görä, Mälik şanyň döwründe döwletiň goşunynyň 400 müň esgere ýetip, şonuň 46 müňüsi merkezi döwlet goşunynda gulluk edipdir.

Mälik şa döwletiniň çägindäki musulman ilatynyň kemsidilmegini gadagan edipdir. Orta asyr awtory Matfeý Edesskiý onuň ermeni ruhanylaryna salnan agyr sagytlarynyýatyrandygyny ýazýar.

Sapargeldi JANMYRADOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Seljuk türkmen taýpasynyň güýçlenmegi

Next Story

Nemes edebiýatynda realizm

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop