Dark
Light
25.01.2026
51gygqbcnhl. ac uf10001000 ql80 THE ASHGABAT TIMES

«Kalila we Dimna» kitaby

16.09.2024

«Pançatantra» ýa-da durmuş ýoluny görkeziji bäş kitap 1199–njy ýylda jaýnizm dinine uýýan hindi monahy Purnabhadra tara­pyndan düzülipdir. Ýöne ondan öňem şol bäş eseri birikdirýän kitaplar bar eken. 300-nji ýylda kaşmirli bir brahman bu kitaby ilkinji gezek düzüpdir. Eýran patyşasy Nowşirwan Adyl (531–579) daşary ýurtlardan getirilen köp kitaplary ter­jime etdiripdir. Şonda ol hindileriň öwüt-nesihat beriji bir kitabynyň bar-dygyny eşidip, ýaş tebip Burzoýeni şony getirmäge iberýär. Ýöne ol kitap diňe patyşanyň köşgünde saklanylýan eken. Ony keseki adamlara görkez-mändirler.

Burzoýe mekirlik bilen bu kitaby ele salýar we göçürip alýar. Soňra Eýrana getirip, pehlewi diline terjime edýär. Arap basybalyjylarynyň çozuşy döwründe köp kitaplar ýok edilipdir. Ýöne şol kitabyň pehlewi dilinden arap diline terjime edilen görnüşi saklanyp galypdyr, 750-nji ýylda Ibn al-Mukaffa «Kalila we Dimna» ady bilen bu kitaby arap diline terjime edipdir. (Ibn al-Mukaffany soň örän gynap öldüripdirler. Ilki el-aýa­gyny çapyp, gözüniň öňünde ýakypdyrlar. Sebäbi oňa halyf Mansuryň adyndan onuň Abdylla atly özüne garşy gozgalaň turzan daýysynyň günäsiniň geçilendigi barada hat ýazmaklygy tabşyrypdyrlar. Ibn al-Mukaffa ol hatda: «Eger-de daýymy aldasam, aýallarym talak, malym wakfa bagyş edilsin, gullarym bolsa azatlyga goýberilsin» diýip ýa­zýar. Bu sözler halyf Mansura ýaramandyr.

Hindi kitabynda şagallaryň ady Karataka we Damanaka bolupdyr. Ýöne arap diline ol Kalila we Dimna diýlip terjime edilipdir. Bu kitap türkmen diline-de terjime edildi. Ýöne «Kalila we Dim­na» eseriniň basnýalary türkmen halkynyň arasynda dilde aýdylýan görnüşde has gadymy döwürlerden bäri meşhur bolupdyr.

Bu kitabyň öwüt-nesihat beriji gysga mazmunly basnýalary, tymsallary dünýä halklarynyň ünsüni hemişe özüne çekip gelipdir. Ol arap dilinden pars, gadymy ýewreý, latyn, grek, soňra beýleki ýewropa dillerine terjime edilipdir. XVI asyrda türk diline, 1888–1889-njy ýyllarda özbek we tatar dillerine terjime edilipdir. «Kalila we Dim­na», esasan, on ýedi we üstüne goşulan ýene-de iki bapdan durýar. Bu kitapda getirilýän hekaýatlaryň içinden orta asyrlarda giň ýaýran, hökümdarlaryň, patyşalaryň şugulçylara ynanjaňlyk edip, bigünä adamlara howlukmaç jeza bermezlige çagyryş ideýasy eriş-argaç bo­lup geçýär, ýöne kitapda, ondan başga-da, durmuşyň dürli meselelerine degişli hekaýatlar, öwüt-nesihatlar getirilýär.

Bu hekaýatlar (ýa-da tantralar) döwleti dolandyrmagy, baýlyk ýygnamagy, işewürligi öwredýär. Şol bir halatda gysyklygy, öz peýdaňa çapyp, adamkärçilikden ýüz öwürmegi, ýamanlygy ýazgarýar.

Patyşalara, hökümdarlara, ýönekeý adamlara öwüt-nesihat beriji kitaplar başga-da bolupdyr. «Pançatantradan» nusga alyp, soňra XI–XII asyrlarda Hindistanda «Totynyň ýetmiş hekaýaty», Gün­dogar ýurtlarynda «Kowusnama» (1082–1083), Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutat gu bilik» (Bilimnama) (1069–1070) poemasy ýaly eserler döredilipdir.

Selbi AHMEDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

py54wnuyo1b2n4y6xoqaiwafavoprieexh3li8gloetje9yd0uujeqiec9zy 820x720 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi

original 161e64e456b4b1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nebit-gaz pudagynda öňde goýulyan maksatlar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop