original 161e64e456b4b1 THE ASHGABAT TIMES

Nebit-gaz pudagynda öňde goýulyan maksatlar

16.09.2024

Biziň Garaşsyz we Baky Bitarap ýurdumyzda önümçilik pudaklary özleriniň görnüşlerine laýyklykda dürli-dürli önümleri öndürýärler. Nebit-gaz pudagynda hem önüm öndürmek diýmek esasy önümçilik bolup, ol pudagyň esasy alyp barýan işi bolýar. Mysal üçin; Nebit çykarýan pudagyň esasy önümçilik işi nebit önümini çykarmak, Gaz çykarýan pudagyň esasy önümçilik işi gaz önümini çykarmak, geologiýaagtaryş pudagynyň esasy önümçilik işi, geologoýa gözleg işleri, nebit-gaz ýataklarynda buraw işlerini geçirýän pudagyň esasy işi nebit-gaz ýataklarynda buraw işlerini deçirmek, nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudagyň esasy önümçilik işi nebiti we gazy gaýtadan işläp ondan dürli önümleri öndürmek.Oňa mysal edip biziň Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny görkezmek bolar. Şolar ýaly beýleki ýörüteleşdirilen pudaklar hem esasy önümçilik işlerini ýerine ýetirýär, bularyň hemmesi pudagyň önüm öndermekligi hasaplanýar.

Şu ýokarda görkezilen, ýagny önümler önderilenden soň, hyzmatlar ýerine ýetirilenden soň, müşderiler, alyjylar bilen gepleşip, şertnamalar baglaşylyp şol önderilen önümler ýerlenilýär we satylýar. Ýerlenen, satylan önümler hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin müşderiler bilen maliýa hasaplaşygy geçirilýär. Bu bolsa pudagyň iş dolanşygynyň yzygiderli amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Önümçilik pudaklarynda, şeýle hem nebit-gaz pudaklarynda öndürilen önümleri ýerlemek, edilen hyzmatlara töleg hasaplaşygyny geçirmek üçin baha kesgitlenilýär. Baha kesgitlemek biziň häzirki döwrümizde müşderler, önümleri satyn alyjylar bilen erkin ylalaşyk şertnama hem-de döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhlar esasynda amala aşyrylýar.Ähli ýagdaýda nyrhlar, bahalar kesgitlenende pudakda öndürilen önüme edilen harajatlary ýapmak we pudaga peýda gazanmak şertleri göz öňüne tutulýar.

Çarygeldi GULSARYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
51gygqbcnhl. ac uf10001000 ql80 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Kalila we Dimna» kitaby

tobolsk neftehim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

REKTIFIKASIÝA

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop