Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý dabarasy buýsanjyň baýdagy hökmünde türkmen halkynyň hem-de dünýä Magtygmulyşynaslarynyň, türkmen döwletiniň dostana ýurtlarynyň, dünýä alymlarynyň buýsanjyna öwrülýär. Bu gün türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny arzuw eden şahyryň arzuwy amala aşyp, ýer ýüzünde türkmen döwletiniň dabaralanmagy Magtymgulynyň arzuw eden eýýäminiň gelendigini subut edýär. Bu gün ýokary okuw jaýlaryna, ylym ojaklaryna, sungat merkezlerine, şeýle-de birnäçe abraýly okuw merkezlerine Magtymguly Pyragynyň hem-de onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň adyny göterýär. Ylym bilen ylmyň parhy köp. Şol ylymlar adamzadyň durmuşynda başga bir yz goýsa, ýagny şol ylym adamzadyň ruhunda Magtymguly Pyragynyň metr ölçeg biriligi bilen hasaplamasy dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Adam bu älem barlygynyň içinde diňe bir kiçijik nokat. Ol barlygy iňňäniň gözünden geçirip, onuň göwresiniň ululygyny göz öňüne tutmak däl- de ol göwredäki jany göz öňüne tutmak has wajyp. Köňül yşygynyň ýanynda beýleki barlyklaryň köňül hazynasydyr.Her bir şahsyýetiň älem syrlaryny bir ara getirip, şol syrlar içinde täze bir ýol arçamasy , ýörelmedik ýola tarap, yşyk göndermesi ýaly bir zat bolup görünýär, şähyryň döredijiligi.
Magtymguly Pyragynyň täze heýkeli bu günki gün dünýä görelde bolmak bilen özüni tanatdy. Dizaýn hem gözelligiň şäheri bolan Aşgabadyň etegini etekläp oturan Köpetdagynyň ummasyz beýikliginde onuň heýkeli ýerleşdirilipdir.Bu bolsa Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň arzuw- isleglerini ýerine getirmek üçin edilen naýbaşy işleriň biridir. Magtymgula näçe ýakynlaşdygyňça, şonça- da oňa az düşünmäge başlaýarsyň. 360 san dogurdan hem dini nukdaýnazardan seredileninde hem ylmy nukdaýnazardan seredileninde hem juda ähmiýetli orna eýedir. Magtymguly Pyragynyň keşbi ilkinji gezek türkmen suratkeşleriniň kendiriniň ýüzünde Aýhan Hajyýew tarapyndan döredilýär. Magtymgulynyň keşbini surata geçiren suratkeşiň dogurdan hem ussatlygyna sarpam uly. Dogrysy bir halkyň ruhy keşbini bir portretde görkezäýmek , onda –da diňe bir görkezmek däl, oňa azap siňdirip Pyragynyň döredijiligi dünýä , adamzat gymmatlyklarynyň açarydyr. Çünki ol älemiň iň näzik şekilde poeziýada şöhlelenmesini gazanypdyr we bu deňsiz- taýsyz aýdyp bilmesi bilen şu günki gün iň bir syrly şahyr hem- de şahsyýet hökmünde biziň öňümizde açylýar. Ýa- da belki- de ol adamlara özi babatynda däl- de adamzat gurluşynyň taýsyz hazynasy barada aýdandyr? Onuň döredijiligi şu günki günümizde dünýä edebiýatynda diňe bir halkyň däl, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň poeziýasynyň filosofiýa bilen çäklenmeýär, eýsem onuň döredijiliginde hiç kimiň döredijiliginde yz goýmadyk täsin aýlawlar, öwrümler we düşünjeler ýerleşýär. Her gezek Magtymgulyny okanyňda, täze zat açmaga mümkinçilik özüniñ giñ düşünjelerini beýan etmek üçin örän yerlikli ulanyp bilipdir.Türkmen dutarynyň şirin heňlerinde şygyrlary ereýän beýik Pyragynyň türkmen halkynyňnyň Garaşsyzlygyny hemişe arzuw edip ýaşandygyny elbetde biziň bilmeýänimiz ýok.Şahyr ýüregi halkyna daýanyp,onuň beýik ruhunda emele gelein beýik bir sütünden ruhlanyp elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr.Magtymgulynyň diliniň döremegi üçin ilki türkmeniň hem ol mukamdaky bitewilik, bakylygyň ýaňy, şahyryň gulagyna belki- de häli- şindi gelýändir. Magtymgulynyň täze heýkeli Köpetdagy etekläp oturan belent baýryň ýüzünde , Astrahan şäherinde, Ankarada we ýene-de köp ýerlerde onuň heýkeliniň oturdylmagy , bu biziň üçin buýsançdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýulýan sarpanyň mysaly hökmünde onuň adyny ebedileşdirmek hem- de ony dünýä edebiaýtynyň altyn hazynasynda şöhlelendirmek maksady bilen 2024- nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabara dünýäniň çar künjünden Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler taryhy wezipesini nä derejede ýerine ýetirendigi hem-de öz halkyna we bütin adamzada eden hyzmatlary bilen kesgitlenilýär. Güneşli Türkmenistanymyz ençeme medeniýetiň ojagy we türkmen milleti bolsa, bu medeniýetleriň hakyky hem kanunalaýyk mirasdüşeridir. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýulýan sarpanyň mysaly hökmünde onuň adyny ebedileşdirmek hem- de ony dünýä edebiaýtynyň altyn hazynasynda şöhlelendirmek maksady bilen 2024- nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabara dünýäniň çar künjünden Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler hem gatnaşarlar. Bu bolsa, biziň beýik şahsyýetiň öňündäki belent sarpamyz bolar.
Mähri MUHAMMEDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty