Bilim we tehnologiýa

18.09.2024

Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty bütin dünýäniň halklary bilen ysnyşykly dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny günsaýyn ösdürýär. tagallasy bilen ýurdumyz, şol sanda ilkinji nobatda Aşgabat şäherimizi sanlaşdyrmak we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen döwletiň düzümini düzýän kiçijik döwletlerde hem sanly ulgamyň zerurlygy her ädimde gerekdigine düşünmek has dogrydyr.Şol bir wagtyň özünde ýaşaýyş şertlerinden başga-da bilim dünýäsinde sanly ulgam babatynda döredilýän şertler hem bu günki gün ýurdumyzda ýerine ýetirilýän beýik işleriň özenini düzýär we şol bir wgatyň özünde sanly ulgam bilen ösüşlere tarap ädinler bolsa mugallymlaryň hem-de bilim dünýäsi bilen bagly ynsanlaryň hem üstünliklerini artdyrýar. Sanlaşdyrylan tehnologiýalar bilen bagly birinji synp okuwçylarynyň komputerlere bilen üpjün edilmesi hem ýokary derejede bilim dünýäsinde edilýän täzelikleriň ilkinji basgançaklarynyň biridir. Biz bolsa bu ugur boýunça bilim alyp, gelejekde ýurdumyzyň körpe nesillerine bilim öwretmek bilen sanly ulgamyň üstünliklerini ýurdumyzda wagyz etjek ýaşlardyrys. Bu uzak aralykdaky bitirilmeli işleriň çägini azaltmakda, ykdysady üpjünçiligiň mümkinçiliklerini açmakda, jemgyýeti hem ösen hem şol ugra gönükdirmekde esasy zerurlyga çagyrýan täze bir zerurlykdyr. Şeýlelikde onuň mazmun açary gün geldikçe biziň durmuşymyzy özgerdýär. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen sanly ulgam hem mümkinçiliklerini giňeldýär.Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda , galyberse- de ähli edara kärhanalarda görkezilýän görkezijileriň sany gün geçdikçe artmagy bilen pudak edaralarynyň telefon, telewideniýe şeýle- de telekommunikasiýa boýunça sanlaşdyrmanyň hasabyna döredilýän ähli mümkinçilikler bu çäkde  öz ähmiýetini giňeldýär. Elektron ulgam bilen baglanyşykly ähli ýerlerde , aragatnaşykda, tehniki serwisleri ýola goýmakda internet torlarynyň üpjünçiliginde we ýaýrawynda, hemra aragatnaşygynda we beýleki pudaklarda esasy sanly ulgamyň üsti bieln amala aşyrylýan mümkinçilikleriň bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygy  bu günki gün subut edildi.Mümkinçiligi çäkli bolan uzak ýerlerdäki aragatnaşyk ulgamlaryna ähli taraplaýyn gözegçilik edilýän enjamlaryň ýerleşdirlmeginde we olary halk hojalygyna ähli ýerlere baglamak  sanly ulgamyş şertlerine täze iş orunlary bilen gelmek, täze tehnologiýalaryň ýüze çykamgyny gazanmak şeýle- de müň bir röwüşli täzelikçileriň mekanyny sarp etmäge ukyply jemgyýetiň öňünde durjak döwletiň borjudygy hakynda oýlanmak zerurdyr.Aslynda sanly ulgamyň ösüşleri diňebir adamzadyň durmuş ösüşleriniň talaby däl- de eýsem- de ony öz içine alýan birnäçe zerurlyklardan ybaratdyr.Munuň özi şertlendirilen görnüşleri öziçine alýar. Mysallara ýüzlenmek bilen anyk görkezijileriň üstünde durmak zerurulygyny ýüze çykarýan wakalar häzirki günlerimizde ykdysady görkezijiniň şeýle- de ykdysady görkezijide kesgitli orny eýelemek üçin dürli mümkinçilikler döredilýär.Olaryň öýlerinde oturan ýerlerinden mobil goşundy arkaly mümkinçiliklerini giňeltmek üçin hem köp işler amala aşyrylýar.Döwlet edaralaryny sanlaşdyrma we olary internet tory arkaly baglanyşdyrma, şol hatarda howpsyzlygyny üpjün etme, ýene- de dünýä toruna çatma meseleleri biziň döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri boldy.  Ýaňy hem belleýşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ulgama uly üns berilýär. Çünki bilim dünýäsinde hem görülip, eşidilmedik sepgitlere ýetmek hem-de şu ugurda alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmak bahasyna ýetip bolmajak basgançaklardyrdygy düşnüklidir.Gahryman Arkadagymyz hem-de Hormatly Prezidentimiz mekdeplerde hem-de ýokary okuw jaýlarynda tehnologiýalaryň wajyplygynyň ýüze çykarylmasynda mugallymlaryň hemýokary buýsançly işleri bilen utgaşdyrylan bilim dünýäsiniň gazananlaryny häzirki zaman ösüşlerimizde tejribede ulanmakda bilim dünýäsinde ýokary özgerişleriň bolmagyna ýardam berýändigini öz çykyşlarynda belläp geçdi. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň buýsançly ýyllarynda ýetilen ägirt uly sepgitleriň nyşanydyr.Mobil goşundy arkaly hyzmatlaryň biziň durmuşymyza ornaşmagy esasynda raýatlarymyza edilýän hyzmatlaryň mümkinçilikleriniň has giňeýändigi we şol hyzmatlaryň gelejekde raýatlarymyz üçin giň şertlere ýol açmaga mümkinçilik döretjekdigi ikiuçsyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Ýurdumyzda amala aşyrylýan internet mümkinçilikleriniň gerimi has- da giňeýär. Her bir beyik şahsyýetiň hakyky ornuna göz ýetirmek üçin hem milli şahyrymyzyň beýikligine dogry hem çuňlugy bilen göz ýetirmek üçin, örän gysga-da bolsa halkymyzyň iňňän uzak taryhynyň belli bölümlerine göz aýlamaly bolýarys.Türkmenistan we türkmen milletiniň 5 müň ýyl çemesi medeni taryhy bu gün ylym dünýsinde aýdyňlaşdy. Türkmenistan döwletimize çenli, onlarça ululy-kiçili döwletler guran hem biziň ata-babalarymyzdyr. ymlaryň arabaglanşygyny düzýär.Dogrusy ýokary derejeli kämil açyşlar öz ýanlary bilen şahsyýetleriň hem atlaryny saklaýarlar.Olar taryhyň synagyndna geçen, döwrüň synagyndan geçen, ynsanlaryň hem- de wagtyň synagyndan geçip, nusgawylyk häsiýete eýe bolandyr.  Muňa mysal Hormatly Arkadagymyzyň “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda – da giňişleýit beýan edilýär. Kitapda esasanam şol gadym döwürde kerwen saraýlaryň nähili ýollar bilen çet ülkelere gidişleri barada-da gürrüň berilýär. Şonuň üçin şol talyplar kerwen saraýlar bilen daş ülkelere gidip arkaýyn olaryň dillerinde gürläp bilipdirler ,şol ýeriň medeniýetini öwrenmäge uly kömek beripdir. Her bir şygyr, goşgy ýazýan adamyň dünýägaraýşy giň bolmaly töweregindäki owadanlygy wasp edip bilmeli. Mysal üçin: Döwletmämet Azady , Magtymguly Pyragy, Şemsetdin Muhammet Hafyz, Jelaletddin Rumy, Abulkasym Firdöwsi, Alyşir Nowaýy we başgada köp şahyrlar öz goşgularyny kyssa eserlerini pars dilinde ýazypdyrlar. Dünýä döwletleri bilen şeýle gatnaşyklaryň ösen döwründe ýokary okuw mekdeplerinde şol ýurtlaryň dillerini, edebiýatyny, medeniýetini gowy bilýän hünärmenleri ýetişdirmek örän möhüm ähmiýete eýedir.  Bir ýurduň edebiýaty şol halkyň medeniýetiniň, taryhynyň, şol sanda dünýägaraýşynyň hem esasyny düzýär. Şol sebäpli daşary ýurt edebiýatynyň taryhy  ol biziň dünýägaraýşymyzy,  gözýetimimizi hem giňeldýär.

Her bir halkyň edebiýaty onuň dünýägaraýşyny, durmuş tejribesini, onuň ylymda, tehnikada gazanan üstünliklerini özüne siňdirýär we belli bir özboluşly medeniýeti döredýär. Antik edebiýaty barada aýdylanda şol döwürde bu edebiýat bilen baglanyşykda edebiýaty öwreniş, filologiýa, taryhy ýazgylar, hukuk öwreniş, dilewarlyk sungaty, filosofiýa, grammatika ýaly ylymyň birnäçe ugurlary döräp olar öz gezeginde dünýä medeniýatiniň, ylymynyň ösmegine güýçli täsir edipdir. Şeýle sebäplere görä antik edebiýatyny öwrenmek uly ähmiýete eýedir. Biz Hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryna hoşallyk bildirip, şeýle mümkinçilikleri açyp beren, raýatlarymyza döwrebap hyzmat etmäge mümkinçilik döredýän Hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza  köp sag bolsunymyz aýdýarys. Goý şeýle mümkinçilikleri döreden Gahryman Arakadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Çemen GARASÄHEDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:15 am, Nov 23, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 71 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

“Ajdarhaly” şäherler

Next Story

2024-nji ýylyň 20-22-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop