Dark
Light
25.01.2026
surprising cause of attention problems in kids featured THE ASHGABAT TIMES

Üns

18.09.2024

Ünsüň we ýadyň psihikanyň umumy häsiýetnamasy hökmünde aýrybaşgalygy olaryň ikisiniň-de ähli beýleki psihiki hadysalaryň döreýşine, hereketlenişine we dolandyrlyşyna şert bolýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Ünsüň psihiki häsiýetnamasyna berilýän kesgitlemeleriňbir ugry ony aňyň ähli beýleki zatlardan sowlyp, barlygyňbelli bir obýektlerinde saklanmagy häsiýetde berýän bolsa,beýleki biri onuň psihiki hadysalaryň hereketlenişiniň takyklygyny, aýdyňlygyny, işjeňliligini, netijeliligini üpjün edýän mazmun görnüşinde häsiýetlendirýär. Nazaryýetleriñ üçünji biri ünsi psihikany, aňy,öňki mazmunyndan saplap, ony bitarap ýagdaýa getirýän gurluş görnüşinde kesgitleýär.

Döreýşinde ruhy güýjüňsarp edilişiniň derejesine laýyklykda ünsüň erksiz, erkli we erkden soňky üns görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Erksiz üns–adamyň haýsydyrbir zady kabul etmek dogrusynda ýörite maksat-niýetiň bolmazlygynda, obýektiň duýdansyzlygy, güýji, hereketlenip başlamagy, gyjyndyrjylaryň özara çaprazlygy ýaly häsiýetnamalary esasynda döreýär. Obýekte gönükdirilmek we onda saklanmak esasan onuň agzalan häsiýetleri esasynda amala aşyrylýanlygy üçin ünsüň bu görnüşinde erkli güýçsarp edilişiň tygşytlylygy döreýär.

Erkli üns–obýekte aňly dolandyryşly gönükdirilmeklik bolup, ol daşky ýa-da içki maksat arkaly ugrukdyrylýar. Ünsüň bu görnüşinde goýlan maksadyň işjeňligini goldamak hem-de onuň ugrukmasyny bökdeýän gapdal täsirden sowulmak zerurlygy adamdan erkli güýçsarp edilişi talap edýär. Şonuň üçin ünsüň bu görnüşiniñ netijeli işjeňligi ortaça 20 minut hasaplanýar.

Keremgeldi ABDYLLAÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2024 nji yylyn 20 22 nji sentyabry aralygynda yurdumyzyn teatrlarynda gorkeziljek sahna oyunlarynyn tertibi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

2024-nji ýylyň 20-22-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI

sse5svjboopf8uzkmv9otbgsampequpyze8ytq4v THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop