Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Şäheriň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aziýanyň hem- de dünýäniň gözünde ak mermere beslenen “Aşyklaryň şäheri” adyny aldy.Munuň özi bolsa, buýsandyryjydyr.Türkmen paýtagtynyň beýik Garaşszylygymyzyň ýyllary içinde ösüşleri dünýäni haýrana galdyrýar. Ak paýtagtymyzyň goýnunda- jenneti mekanda ýaşaýan halkymyz bolsa, bu gözellikden ganyp bilenok. Häzirki günler paýtagtymyzyň görki has hem artýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabadyň goýnunda geçiriljek Garaşsyzlyk baýramymyz dabaraly çärelere beselen. Aşgabat bolsa bu günki gün öz taryhyny açýar. Öz döwründe uly ähmiýete eýe bolan Aşgabat bu günki gün öz goýnunda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyzyň görkli görnüşini dünýäni haýran galdyrdy. Garaşsyzlygymyzyň beren bagty bolsa mizemezdir. Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýulýan sarpanyň mysaly hökmünde onuň adyny ebedileşdirmek hem- de ony dünýä edebiaýtynyň altyn hazynasynda şöhlelendirmek maksady bilen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabara dünýäniň çar künjünden Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler hem gatnaşarlar.
Ak şäherimiz Aşgabat bilen bäsleşip oturan Arkadag şäheri bu günki gün ýurdumyzyň iň gözel şäherleriň mekanydygyny subut etdi. Çünki bu iki şäheriň giňemegi bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda at alan Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýar. Aşgabat Aziýanyň merjeni, gurjak paýtgat,gözel paýtagt. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmasy esasynda birnäçe işleriň amal edilmesi bu günki gün Garaşsyzlyk zamanyň ösen tejribesi bilen sazlaşykly ösdürilmegi täze üstünliklere ýol açýar.Garaşsyzlyk ýyllary içinde bilim ulgamynda ýaş alymlarymyzyň- mekdep okuwçylarymyzyň dünýä ýaryşlaryna gatnaşmagy hem- de üstünlikli bilim almaklary bilen bir hatarda ýaryşlarda netije gazanmaklary bu günkigün Garaşsyzlygyň bize beren miwesidir. Beýik medeniýetleriň baglanşygy şol arabaglanyşykda türkmen ýolunda Garaşsyzlygyň şuglasynyň bardygyny, Türkmenistanda her bir işiň halk bähbitli düýbüniň tutulýandygyny subut edýär. Şeýlelikde bu işler bilen bir hatarda halkara arenalaryna çykmak, ýurdumyzyň durmuş- ykdysady üpjünçiligini ýola goýmak ählihalk baglanşygy bilen halkara gatnaşykalrynyň üstünlikli taraplaryny hem saýlamak bu günki gün wajyp meseleleriň biridir. Şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydyr. Önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgam we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylmalydyr. Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binalary, Köpetdagyň täsin görnüşleri, ahalteke bedewleri şekillendirilen täsin görnüşler onuň bezegidir. Aşgabat şäheri gün- günden gülleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyzyň görkli görnüşini dünýäni haýran galdyrdy.
Ýurdumyzda şeýle ajaýyp baýramçylygyň bellenilýän günlerinde Ak paýtgatymyzyň gül görki has- da artýar. Täze döwrüň- Berkarar döwletimiziň Täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe Aşgabadymyzyň taryhy eýýämini ýada salýan Nusaý şalygy bolsa, biziň bu günki gün iň ýokary gymmalyklarymyzdan biridir.Nusaýdan tapylan ritonlarda hem-de teatr maskalarynda, şeýle-de küýzeleriň erňegine çekilen teatra degişli şekillerde bardygy subut edilmäge başlaýar. Diňe bir ykdysady ýa-da syýasy ugurlar däl, eýsem medeni babatynda hem öwrenilmäge Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Taryhy eýýämlerde öwrenilmegini dowam etdirilýän Nusaý taryhy ýadygärligi hem Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşip, gadymy Änew medeniýatiniň halkasy bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny alymlar subut etdiler.Änew şäherçesiniň- “Türki dünýäniň medeni paýtagty”- diýip, yglan edilmesi bolsa, bu şähere bolan buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrýar.
Şeýle-de Aşgabady etekläp oturan Nusaý galasy hem biziň paýtagtymyzyň taryhynyň asyrlaryň çuňlugyndan kök alýandygyny subut edýän tapyndylar bilen özüni tanadýar.
Gadymy Nusaý galasynyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän giň otaglarda şol döwürde ýüze çykarlan hazynalaryň, ýagny giden ritonlar otagynyň barjamlylyk döwrüne degişlidigini subut etmesi bolsa, bu toprklarda gadymýetden ýaşamaga oňaýly, şertleri amatly ýerleriň bolandygyny , şeýle- de dünýäniň syýahatçylaryny hem- de alymlarynyň ünsüni häzirki döwre çenli özüne çekip durandygyny subut edýän hadysalaryň naýbaşysydyr. Dünýäniň çar künjüne uzaýan ýüpek ýolunyň aýratynlygy her haçan dostlugyň medeni aýratynlyklaryny özünde jemlän bolsa,onda häzirki döwürde ykdysady hem- de syýasy,maddy hem- de ruhy medeniýetleriň bir sapaga düzülmesinde wajyp rol oýnaýar.Her bir gymmatlyk öwrenileninde, ol haýsy medeniýetlerden gözbaş alyp gaýdypdyr, şol medeniýetleri birleşdirýän yklymlarda nämeler has wajyp orunlary tutupdyr hem- de halkyň adalatly ýollaryna olaryň haýsy gelipdir we kimler tarapyndan döredilip, kimler tarapyndan saklanyp galypdyr.Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, häzirki döwürde jemleýän medeni ojaga öwrülmesi, Türkmen topragynyň hiç wagt hem alymlary perwaýsyz goýmandygyny alamatlandyrýar.Bu gün ýaşyl ýaýlalarda ýaýylyp ýatan galalaryň açylmaly syrlarynyň açary Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly mukaddes kitaby hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetdir” atly kitabydyr.Berkarar döwletimiziň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe pasyrdaýan ýaşyl baýdagmyzyň astynda beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy taryhymyzy öwrenmek bilen biz ak paýtgatymyzyň taryhyny öwrenýäris.
Dogrusy ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýan Arkadag şäheri hem Aşgabat bilen bäsleşip, Türkmenistanyň gözel goýnunda ýene-de bir göwher galy ýüzük kibi parlaýar. Şeýle ajaýyp üstünlikleriň aňyrsynda bolsa, şahajyklary şekillendirilipdir. Ýurdumyzyň ýüregi buýsandyrýar.Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär. Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär.Çünki Aşgabat gök tokaýlygyň mekany, Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda gözelligiň simwoly hökmünde öňe çykýan ajaýyp paýtagt şäheridir. Ýurdumyzda şeýle ajaýyp baýramçylygyň bellenilýän günlerinde Ak paýtgatymyzyň gül görki has- da artýar. Täze döwrüň- Berkarar döwletimiziň Täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe şeýle baýramçylyk dabaralarynyň has- da ýokary göterilmesi ýer ýüzünde türkmen döwletiniň has- da beýgelýändigini görkezýär.
Yhlas NAZARGYLYJOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby