Halk Maslahaty – agzybirligiň berk binýady

18.09.2024

Şu gün­ler ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ­jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ky möhüm wa­ka —­Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne uly taýýar­lyk gö­rül­ýär. Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti barada ge­çi­ril­ýän wa­gyz­-ne­si­hat çä­re­lerin­de we du­şu­şyk­lar­da bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň Di­ýa­ry­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­ni kes­git­le­jek bu uly waka sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan­dyk­la­ry be­ýan edil­ýär.

Her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ag­zy­bir hem je­bis türk­men hal­ky mukad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len bar­ýar. Şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan hal­ky­myz äh­li zamanlarda­-da il ýurt bäh­bit­li me­se­le­le­ri da­na ýa­şu­lu­la­ryň gatnaşmagynda ag­zy­bir­lik­de ge­ňeş edip çö­züp­dir­ler, hal­kyň, döw­le­tiň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­lahat­la­şyp­dyr­lar. Bu ýö­rel­gä­niň aja­ýyp döwrümiz­de has­-da ro­waçlan­ýan­dy­gy buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar.

Ýa­kyn­ gün­ler­de ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de hem il­-ýurt bäh­bit­li tä­ze-­tä­ze çöz­güt­ler öz be­ýa­ny­ny ta­pyp, ol türk­men de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky da­ba­ra­lanma­sy bo­lar. Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň mil­li de­mok­ra­ti­ýa­sy­dyr, asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň rowaç­ly­gy­dyr. Şo­nuň üçin hem bu umu­mymil­li fo­rum hal­ky­myz­da uly buý­sanç­ dö­red­ýär, uly üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty netijesinde, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­kyň hal­-ýag­da­ýy­ny gowu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bar­ha giň ge­rim al­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tandyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­ga­ry­na esas­la­nyp, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş­-dur­mu­şy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len äh­li ul­gam­lar­da düýp­li öz­gert­me­ler geçiril­ýär.

«Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz» di­ýen halk pä­hi­mi­ne hem-­de ata­-ba­ba­la­ry­my­zyň ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp ge­çi­ril­ýän Halk Masla­ha­ty­nyň hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni ber­kit­mek­de, ýurdu­my­zy ösüşle­re bes­le­mek­de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň işi de­mok­ra­tik, açyk­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hökmürowan­ly­gy, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len kada­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ma­gy, ra­ýa­tyň ka­nun öňün­de deň­li­gi, adam hu­kuk­la­ry­ny hem­-de azat­lyk­la­ry­ny hor­mat­la­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ka­da­la­ry­na esaslanýar. Be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýän eziz ­Di­ýa­ry­myz­da äh­li ul­gam­lar­da ägirt uly üs­tün­lik­ler ga­za­nylýar. Hal­ky­my­zyň röw­şen we eş­ret­li durmuşda ýa­şa­ma­gy, ýur­dumy­zyň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­ma­gy ug­run­da be­ýik iş­le­re ba­dal­ga be­ril­ýär. «Pä­him­ paý­has um­ma­ny Magtymgu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ata Wata­ny­my­zyň mu­kad­des Garaşsyzlygy­nyň 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek Türkmenista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne türk­men hal­ky sabyrsyzlyk bi­len ga­raş­ýar. Halk Mas­la­ha­tyn­da ata Wa­ta­ny­my­zy mundan beý­läk­-de ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň hal-­ýag­da­ýy­ny ýokarlandyrmak, ola­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny, zäh­met çekme­gi­ni üp­jün et­mek ýa­ly il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li meseleleriň bir­nä­çe­si ara al­nyp mas­la­hat­laşy­lar, hal­kyň ýa­şa­ýyş-­dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak­da, Di­ýa­ry­my­zy dur­muş­-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­mek­de ka­bul edil­jek döw­let­li çöz­güt­ler uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

Bahar OWGANOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:51 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Maşgala – jemgyýetiň esasy gymmatlygydyr!

Next Story

Ak şäherimiz Aşgabat

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop