Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas Nyşapuryň abraýly maşgalasyndan bolupdyr. Çagaly gyndan soltan Mesgudyň hyzmatynda bolup, mylaýymlygy we özüni saklamagy öwrenipdir. Ol özüniň mylakatlylygy, halallygy we ýumşşaklygy bilen soltanyň huzuryna ýetdi. Soltan ony Hasanak diýip atlandyryp, tä wezirlik derejesine çenli ýetiripdir. Soňra Hasanak wezipesinden aýrylyp öldürilipdir. Ol meşhur adam bolupdyr. Köp baýlyk toplapdyr, wezirlik wezipesini ele alypdyr. Ol wezirlik wezipesine Hoja Ahmetden soňeýe bolupdyr. Hasanak orunbasary Kasymy özüniň Nyşapurdaky wezipesine iberip, özi soltanyň dergähinde galypdyr. Işi şu görnüşde dolandyrypdyr. Onuň orunbasary bolsa işleri arkaýyn dolandyrypdyr. Hasanak bu ýollar bilen soltanyň ynamdar adamsyna öwrülipdir. Ol Hudaýyň öýüne zyýarata gidende, Müsüriň ýolundan geçipdir. Müsüriň patyşasy (keramlylardan) hudaýsyz, mezhebe we dinegarşy adam eken. Ol patyşa Hasanaga halat ýapyphormatlapdyr. Soltan bu habary eşidip, dindarlyk nukdaýnazardan, ol halady dört gezek ýyrtyp ýakmagy tabşyrypdyr. Şol wagtyň halypasy Kadyr Billah Hasanagyň Müsüre barandygyny, ol ýerde müsürlilerden halat alandygyny eşidip, pikire batyp, haladyň ýakylmagyna razylyk beripdir. Şu wakadan soň Hasanagyň abraýy hezreti soltanyň ýanynda rowaçalmandyr.
Aziza JORAÝEWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň 29-njy
orta mekdebiniň taryh mugallymy