i THE ASHGABAT TIMES

Germaniýanyň, Gollandiýanyň we Ispaniýanyň beýik sungat ussatlary

19.09.2024

Italiýadaky Gaýtadan döreýiş eýýamynyň sungaty Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda sungatyň ösmegine uly täsir edipdir. Emma italýan ussatlarynyň gazanan üstünliklerini özleşdirmek bilen Germaniýanyň, Gollandiýanyň we Ispaniýanyň beýik suratkeşleri dünýä sungatyna köp täze zatlary girizipdirler. Germaniýada Albreht Dýurer (1471-1528), Gollandiýada Rembrandt wan Reýn (1606-1669) we Ispaniýada Diego Welaskes (1599-1660) Ýewropada suratkeşligiň ösüşine uly goşant goşupdyrlar.

Gollandiýada suratkeşligiň portret, peýzaž we natýurmort ýaly ugurlary ösüpdir. Rembrandt şeýle suratkeşleriň hatarynda bolupdyr.Onuň döreden eserleriniň bir muň bäş ýüz sanysy biziň günlerimize gelip ýetipdir. Adamyň gylyk-häsiýeti, akylly we başdan geçiren gaýgy-hesreti Rembrandtyň üns merkezinde bolupdyr. Ol özüni we özüne ýakyn adamlaryň suratlaryny çekende, adam keşbini biçak köp dürli görnüşli äheňde görkezipdir. Suratkeşiň ýagtyny-garaňkyny utgaşdyryp peýdalanmagy başarmagy onuň gazanan üstünligi bolupdyr. Ol ýagtynyň kömegi bilen şekildäki iň möhüm zada üns berýär, onuň manysyny açyp görkezýär: ýagtylyk şöhleleri ýüzi garaňkydan sogrup alýan ýaly bolup, adamyň içki dünýäsini ýüze çykarýar.

«Azaşan ogluň gaýdyp gelmegi» diýen suraty Rembrandtyň çeken iň gowy eserleriniň biri bolup, ol onuň ölmeziniň öň ýanynda döredilipdir. Bu surat tomaşaçylarda gowy duýgulary: adamlara bolansöýgini, adama ynamy, onuň ökünmegine we düzelmegine bolan ynamy döredýär.

Enejan MUHAMMETBERDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas

2542 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktorynyň orunbasary Monik Mosolf bilen «tegelek stol» duşuşygy.

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop