mervturkmenistan THE ASHGABAT TIMES

ISGENDERGALA

20.09.2024

Rowaýatçylaryň aýtmagyna görä, bu galanyň adynyň «Isgendergala»bolmagynyň sebäbi şeýledir:

Gadym wagtlarda Balkan daglarynyň düýbüni etekläp oturan obanyň ortasynda uly gala bolupdyr. Ol galanyň adamlary agzybir ýaşapdyrlar we örän myhmansöýer bolupdyrlar.

Ine, bir gün «dünýäni basyp alaryn»diýen Isgender Zülkarneýn goşuny bilen bu galada düşläpdir. Soňra gala adamlary bilen hal-ahwal soraşyp, olara hemaýat etjekdigini aýdypdyr. Obanyň, galanyň adamlary, olaryň agzybirligi, myhmansöýerligi Isgenderiň göwnünden turupdyr. Ol gala adamlaryndan:

—Galaňyzyň ady näme? —diýip sorapdyr.

Olar heniz gala adyň dakylmandygyny aýdypdyrlar.Ertesi Isgender gala halkyna mal-engam paýlap, ýola düşüpdir.

«Alan ýerini gyryp gelýärmiş»diýip eşiden gala halky Isgenderiň rehim-şepagatyna haýran galypdyr. Olar wagtyň geçmegi bilen bu galany «Isgenderiň düşlän galasy»diýip atlandyryp ugrapdyrlar.

Ine, şondan bäri hem bu ýeriň ady «Isgendergala»bolup galypdyr.

Isgendergala Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýär. Şeýle at bilen Mary welaýatynda hem bir gala bardyr, onuň gadymy ady: «Sinj», «Janalybentgaladyr».

Çarygeldi GULSARYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

aazlylib jennie gerhardt by theodore dreiser THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Teodor Draýzer «Jenni Gerhardt», «Titan» we «Isleg trilogiýasyna» romanlary barada

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss