aazlylib jennie gerhardt by theodore dreiser THE ASHGABAT TIMES

Teodor Draýzer «Jenni Gerhardt», «Titan» we «Isleg trilogiýasyna» romanlary barada

20.09.2024

T.Draýzeriň «Jenni Gerhardt» (1911) atly romanynda hem ýö-nekeý bir amerikan gyzynyň ykbaly beýan edilýär. Garyp maşgaladan bolan Jenni atly gyz Lester Keýn atly bir baý adam bilen söýüşýär. Ýöne Jenni özüniň garyplygy zerarly Lester Keýne durmuşa çykyp bilenok, çünki baý gatlaklaryň garaýşyna görä, olar «deň» däl. Şon-da-da, bu pelsepäni inkär edip, Lester Keýn Jennä öýlenýär. Onuň bilen on ýyl ýaşap, ýene-de ondan aýrylyşýar, çünki ol baý hanym Jeralda öýlenýär. Muňa garamazdan Lester Keýn ölmeziniň öň ýa-nynda özüniň diňe Jenni bilen bagtly bolandygyny, baýlygyň ony bagt ly etmändigini nygtaýar. Ýazyjy bu romanynda adamyň bagtly bolmagyna maddy kynçylyklaryň edýän täsirini görkezýär.

T.Draýzeriň «Isleg trilogiýasyna» girýän «Maliýeçi» (1912), «Titan» (1913) atly romanlarynda Kauperwud atly adamyň tüç jar baý bolşy we onuň geçen durmuş ýoly görkezilýär. «Maliýeçi» romanynda Kauperwudyň ýaşlyk döwri suratlandyrylýar. Kauperwud öz puluny hiç wagt girew goý-maýar. Ol başga adamlaryň puluny ulanyp baýaýar. Ol şäher býujetine girýän pullary bikanunlyk bilen öz bähbidine ulanýar we ummasyz köp pul gazanýar. Soňra ol tötän-den türmä düşýär, ýöne ol türmede oturan ýerinden hem başga adamlaryň üsti bilen birža söwdasyny alyp barýar…

«Maliýeçi» romanynda Kauperwud entek diňe işewürligi öw-renýär. Emma «Titan» romanynda ýazyjy Kauperwudy eýýäm azy ýaran işewür, baý adam hökmünde suratlandyrýar. Ýazyjy bu trilo-giýanyň soňky «Stoik» atly romanyny köp ýyl geçensoň ýazýar.

Muhammetemin AKMYRADOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
mervturkmenistan THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ISGENDERGALA

turkmenistan passport 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň raýatlygyna 1146 adam kabul ediler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop