Isgender Zülkarneýin (Aleksandr Makedonskiý)

26.09.2024

Makedoniýanyň patyşasy, gadymy dünýä taryhynda iň iri basybalyjy, görnükli harby serkerde we döwlet işgäri. Onuň kakasy Makedoniýanyň hökümdary Filipp II, ejesi bolsa hökümdaryň dördünji aýaly Olimpiada  atly aýaldyr.

Ilkinji mugallymy Lisimah, ilkinji Sparta harby tälimini beren bolsa Leoniddir. 343-nji ýyldan filosof Aristotel onuň terbiýeçisi bolýar. Ol özüniň edermenligini we harby işe ukyplylygyny ilkinji gezek 338-nji ýylda Heroneýiň ýanynda bolan söweşde (Gresiýanyň Makedoniýa birikdirilmeginiň tamamlanýan döwründe) görkezýär.

B.e.öň 337-nji ýylda Filipp II Aleksadryň ejesi Olimpiadadan sowaşyp, başga Kleopatra atly gyza öýlenýär. Aleksandr Epir şäherine ejesiniň ýanyna gidýär. Ol kakasynyň ýanyna tiz dolanýar. Ýöne indi daşyndan kakasyny gowy gören ýaly etse-de içinden welin, indi öňküsi ýaly ony halamaýardy. Filippiň täze gelni göwreli bolup, Aleksandryň mirasdüşer şazada bolmagyna howp abanýar.

B.e.öň 336-njy ýylda toý wagty Filipp II dildüwşüjiler tarapyndan öldürilýär.  20 ýaşynda bolan Aleksandr goşunyň goldawyna daýanyp, tagta geçipdir. Aleksandr Filipp bilen Kleopatradan bolan çagany  öldürdipdir.

Isgender Zülkarneýin 335-nji ýylda demirgazyk-günbatar tarapdaky goňşulykda ýaşaýan illirileri, triballary, getleri we başga goňşy taýpalary boýun egdirip, olary makedon raýatlygyny kabul etmäge mejbur edýär. Grek şäherlerinde Makedoniýa garşy gozgalaňlaryň başlanmagy zerarly, Isgender Zülkarneýin gyssagly ýagdaýda Demirgazyk Gresiýa geçmäge we pitne turzulan şäherleri boýun egdirmäge mejbur bolýar. 334-nji ýylda Isgender Zülkarneýiniň grek-makedon goşuny Gallespontyň (häzirki Dardaneliň) üstünden Kiçi Aziýa geçip, Eýrana garşy urşa başlaýar. Grek şäher-döwletleriniň (polisleriniň) içerki gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi we şonuň bilen baglylykda täze bazarlary basyp almak zerurlygy goşunyň sanynyň köpeldilmegine getirýär (Isgender Zülkarneýiniň 30000 pyýada goşuny, 5000 atly goşuny we ýeňil ýaraglandyrylan kömekçi otrýadlary bolupdyr). Isgender Zülkarneýiniň goşunyna Antipatr, Ptolemeý Lag, Parmenion, Filota, Perdikka we başga tejribeli serkerdeler ýolbaşçylyk edipdirler. Eýran goşunynyň sany makedonlaryňkydan ep-esli agdyklyk edipdir. Makedon goşunlarynyň sanynyň az bolanlygyna garamazdan, olaryň ýokary harby tälimi, guramaçylyklylygy, tejribesi we tehniki üpjünçiligi ýokary derejede bolupdyr. Isgender Zülkarneýin 334-nji ýylyň maýynda Granika derýasynyň ýanynda bolan söweşde Eýran (pars) goşunyny derbi-dagyn edýär. Şondan soň Isgender Zülkarneýin çaltlyk bilen Kiçi Aziýany eýeleýär. Alynky we Merkezi Aziýanyň şol wagtky esasy hojaýyny pars patyşasy Dariý III 333-nji ýylyň güýzünde Issiň ýanynda grek-makedon goşunlaryny çym-pytrak etmäge synanyşýar. Güýçleriň üç esse köplügine garamazdan, eýranlylar ýeňlişe sezewar bolýarlar we Dariý III gaçýar. Isgender Zülkarneýin Finikiýanyň Tir we Gaza şäherleriniň garşylygyny basyp ýatyryp, Ortaýer deňziniň gündogar kenaryndaky ähli portlary eýeleýär. Isgender Zülkarneýin deňizde öz agalygyny üpjün edýär. 332-331-nji ýyllaryň gyşynda Isgender Zülkarneýiniň goşunlary Müsüri eýeläp, soňra Mesopotamiýa tarap ugraýarlar. Esasy söweşleriň birinde Dariý aýallaryny, çagalaryny taşlap gaçypdyr. Şol wagt Dariý III Aleksandra hat ýollap, ylalaşyk teklip edipdir. Ol maşgalasyny gaýtaryp berse, öz ýurdunyň ýarysyny Aleksandra bermäge söz beripdir. Aleksandryň serkerdeleriniň biri bolan Parminion teklibi gowy görüp: “Men Aleksandr bolan bolsam şu teklibi kabul ederdim” diýipdir. Aleksandr oňa: “Menem Parminion bolsam ony kabul ederdim” diýip jogap beripdir.

 Şeýlelik bilen, Aleksandr Mesopotamiýada 331-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Gawgameli obasynyň golaýynda san taýdan makedon goşunlaryndan ep-esli agdyklyk edýän Eýran (pars) goşunlaryna aýgytlaýjy zarba urulýar. Dariý III ýene-de gaçýar we 330-njy ýylda özüniň satraplarynyň biri tarapyndan öldürilýär. Isgender Zülkarneýin Eýran patyşalarynyň paýtagtlary Wawilony, Suzyny, Persepoly we Ekbatanany eýeleýär. Antieýran meýilleriň ýerlikli peýdalanylmagy Isgender Zülkarneýiniň üstünlik gazanmagyna ýardam edýär. Eýranlylara tabyn bolan birnäçe ýurtlaryň (Müsür, Wawiloniýa) ilaty Isgender Zülkarneýini azat ediji hökmünde garşylaýar. Dariý III-niň öldürilmegi Isgender Zülkarneýin özüni onuň “kanuny” oruntutujysy diýip yglan etmäge esas bolýar. Ol “Ellin — azat edijiden” Gündogaryň hökümdaryna, ägirt uly grek-makedon-eýran döwletiniň baştutanyna öwrülýär. Gündogar ýurtlaryň ýerli han-begleriniň wekilleriniň goşuna we administrasiýa işlerine çekilmegi, grek-makedon han-begleriniň basylyp alnan ýurtlaryň han-begleri bilen ýakynlaşmagynyň başyny başlaýar. Munuň özi Isgender Zülkarneýiniň monarhiýasynyň sosial bazasyny gineltmek üçin geçirilen çäredi. Isgender Zülkarneýin Eýran han-beglerini öz töweregine çekýär, ýerli ilatdan goşun toplap başlaýar, dabaraly kabul edişlikler guraýar. Bu ýagdaý Isgender Zülkarneýiniň ýöredýän syýasatyndan närazy bolan grek-makedon han-begleriniň we goşun başlyklarynyň arasynda oňa garşy birnäçe dildüwşükleriň guralmagyna getirýär.     

Ol dildüwşükçilerden rehimsizlik bilen öç alýar. Isgender Zülkarneýin dildüwşüge gatnaşan ýakyn dosty Kliti öz eli bilen öldürýär, görnükli serkerde Filotany öldürýär.
Isgender Zülkarneýin özüniň gündogara tarap ýörişini dowam etdirmek bilen ol Eýranyň daglyk ýerleriniň merkezi bölegini eýeleýär. 329-njy ýylda ol Orta Aziýa ýörişe başlap, Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň ýokary akymlarynda ýerleşýän territoriýany basyp alýar. 327-nji ýylyň ýazynda Isgender Zülkarneýin Hindistanyň patyşasy Por bilen Taksila şäheriniň hökümdarynyň arasyndaky özara dawalaryndan peýdalanyp, Günbatar Hindistana (Penjaba) ýörişe başlaýar. Hind derýasynyň goly bilen Gidaspyň boýunda köp ýitgi bilen Poruň (200 sany söweşjeň piller bilen üpjün edilen) goşunyndan üstün çykýar.

Isgender Zülkarneýin Hindistanyň territoriýasyny Gang derýasyna çenli basyp almagy göz öňünde tutýar, emma tükeniksiz ýörişleriň, tropiki keselleriň netijesinde
esgerleriň arasynda närazyçylyk hem-de tolgunmalar başlanýar. Olar goşun başlyklaryna boýun egmekden ýüz dönderip ugraýarlar. Şol sebäpli Isgender Zülkarneýin Gifasis derýasyna ýetip, 326-njy ýylda goşunyň yzyna dolanmagy barada buýruk bermäge mejbur bolýar. Ol goşuny bilen 324-nji ýylda imperiýanyň täze paýtagty Wawilon şäherine dolanyp gelýär. B.e.öň 323-nji ýylyň iýun aýynyň başynda öz dostlary bilen gurnalan şady-horramlykdan soň daňdanlar köşge gelýär we onuň endamy gyzdyryp başlaýar. Aleksandr şundan soňra 10 günläp agyr hassa halda ýatýar. Aleksandr Makedonskiniň keselligine ynanman, esgerleriň birnäçesi onuň ýatan ýerine baran wagtlary ol ömrüniň soňky pursatlaryny başdan geçirýärdi. Özüne wepaly esgerlerini diňe gözi bilen garşylamaga mejaly galypdy. Onuň bu dünýäde iň soňky görenleri-de öz esgerleri bolupdy. Täze ýörişe taýýarlyk görülýän döwürde Isgender Zülkarneýin gyzdyrma keselinden ölýär (b.e.öň 323-nji  ýylyň 13-nji iýuny).

Aleksandr özüne mirasdüşer bellemäge ýetişmändir. Ol ýogalandan soňra  onuň egindeşleri Filipp II-niň binika ogly Arrideýi, we Aleksandr bilen Roksananyň ogly Aleksandr IV-ni mirasdüşer diýip jar edýärler. Emma Aleksandr Makedonskiniň imperiýasy özi ýogalandan soňra dessine onuň serkerdebaşylary tarapyndan paýlaşylýar. Arrideý b.e.öň 317-nji ýylda, Aleksandr IV  bolsa b.e. öň 310-njy ýylda öldürilýär.

Isgender Zülkarneýin 334-324 ýyllaryň dowamynda alyp baran basybalyjylykly uruşlarynyň netijesinde Dunaý derýasyndan tä Hind derýasynyň aşak akymlaryna çenli bolan giň territoriýada özüniň ägirt uly imperiýasyny döredýär. Isgender Zülkarneýiniň imperiýasynyň düzümine ykdysady we medeni ösüşleri boýunça dürli derejede durýan we biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýmadyk halklar girýär. Şol sebäpli-de ol harby we administratiw taýdan gowşak bolýar. Basybalyjylara garşy imperiýanyň dürli künjeklerinde halk gozgalaňlary başlanýar. Birnäçe ýerlerde grek-makedon garnizonlary tutuşlygyna ýok edilýär. Orta Aziýada (Sogdianada) 329-njy ýylda grek-makedonlylara garşy Spitameniň ýolbaşçylygy astynda uly gozgalaň bolýar, ol 3 ýyllap dowam edýär. Imperiýanyň dürli-dürli ýerlerinde halk gozgalaňlarynyň möwç urmagy, onuň içerki aragatnaşygynyň berk bolmazlygy, galyberse-de Isgender Zülkarneýiniň aradan çykmagy netijesinde ol tiz dargaýar. Onuň territoriýasynda birnäçe ellinistik döwletler emele gelýär. Gadymy awtorlar Isgender Zülkarneýiniň şahsyýetine hem-de eden işlerine dürli-dürli baha berýärler. Isgender Zülkarneýiniň ýörişleri barada Gündogar ýurtlaryň edebiýatynda hem (Ferdöwsiniň “Şanamasynda”, Nyzamynyň “Isgendernamasynda” we başgalarda) beýan edilýär.

Bahar BAÝRAMDURDYÝEWA
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:19 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Mugallymyň okuwçylara  söz üsti bilen täsir etme usullary

Next Story

Aşgabatda BAE-niň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop