kueahud31yzkobbxixgd5bjcrgtnjh 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Surat: mfa.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň orunbasary – hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda 26-njy sentýabrda habar berildi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag, logistika we gämi abatlaýyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda bilim we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
vice premer i posol oaje THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda BAE-niň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

etnosport THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss