df95a823a20529dc255ea7450f86d0be 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin maslahatlar

15.10.2024

Diňe gowy hilli iýmitler bilen iýmitleniň. Iýmit – sagdyn we uzak ýaşamagyň girewidir.

Mümkin boldugyça köpräk ýöräň. Şeýle edilende, bedendäki artykmaç ýaglary aýyrmak mümkin.

Ähli ir-iýmişleri sowadyjyda saklamaly. Möhleti dolan önümi iýmäň.

Ir-iýmişleridir miweleri köp mukdarda satyn almaň. Diňe 2 günde iýip biljegiňizi almaly.

Eger siz oturyp işleýän bolsaňyz, onda her bir sagatdan 2-3 minutlyk maşk ediň. Maşky oturan ýeriňizde hem edip bilersiňiz.

Köp alada etmejek bolmaly. Düýbünden alada etmeseňiz, has hem gowy bolar. Köp alada edýänler çalt garraýarlar.

Hiç haçan küýkermäň. Oturanyňyzda we ýöräniňizde arkaňyzy dogry tutmaga çalyşyň. Köp keseller oňurgadaky kemçilikler arkaly döreýär.

Her gün irden ertirlik edinmegi unutmaň.

Ýaşaýan otagyňyzda küýzeli otag güllerini goýuň.

Mümkin boldugyça köp suw içmäge çalyşyň. Günde ortaça 1,5-2 litr suw içiň. Ýöne olaryň 50 göterimini çorba, çaý, miwe şiresinden we şoňa meňzeşlerden almaly.

Boş wagtlaryňyz öýde oturmaň. Dostlaryňyz bilen teatra, kino we muzeýe gidiň.

Ýüzmek bilen meşgullanyň. Ýüzmek adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär, bedeni kuwwatlandyrýar, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar.

Köpräk ary balyny iýiň. Onuň düzüminde adam bedenine gerek bolan birnäçe ýokumly maddalar bar.

Irden we agşam dişiňizi ýuwmagy ýatdan çykarmaň.

Ýygy-ýygydan dynç alyň.

Her gün azyndan 8 sagat ýatmaly. Ukynyň kadaly bolmagy üçin belli bir wagtda ýatyp turmaly. Rahat uky ýadawlygyňyzy aýyrýar we ýatkeşligi gowulandyrýar.

Sport bilen meşgullanyň. Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanmak isleseňiz, ony özüňiz saýlap bilersiňiz. Sportda esasy zat yzygiderlilikdir.

Eger biz her günümiziň 20 minudyny sport bilen meşgullanmaga sarp etsek, beden we ruhy taýdan sagdyn bolarys. Adatça, adamlar işden gelip dynç almak bilen bolýarlar. Dynç mydama ýatmak, uklamak bilen çäklenmeýär, köpräk arassa howada gezmek, açyk howada ylgamak, fiziki maşklary ýerine ýetirmek, ynha, bu hakykatdan hem dynç almak bolup biler.

Maksad SAPARBAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
mekdebiň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ttvic7nwrptwhn7yu0heva5ykxoqh0ujbvufimsu THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zamananyň ogly

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Baş baýlyk- saglykdyr

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop