Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

10.10.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda-da üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döredijilik wekiliýetleriniň özara saparlary, bilelikde geçirilýän medeni çäreler bu ulgamda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Myhman Türkmenistanda ylym ulgamynyň ösdürilmegine, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:29 pm, Oct 18, 2024
temperature icon 31°C
ясно
Humidity 25 %
Pressure 1009 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 2%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:17 am
Sunset Sunset: 6:25 pm
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Zamananyň ogly

15.10.2024
Türkmen halky bu günler halkara ähmiýetli wakalary başdan geçirýärler. Sebäbi ýurdumyzda geçirilen halkar aforumyň çäklerinde ähli ugurlar bilen aýratyn tanşylmagy we ýurdumyzda bu ugra
GitTop