Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa

14.10.2024

Ilkinji nobatda şu günki duşuşygyň geçirilmegini goldanlygy we onuň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri we şu günki ikinji duşuşygyň Aşgabat şäherinde geçirilmegini goldandyklary üçin, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylaryna öz hoşallyk bildirildi.

Biziň ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge, dialogy ösdürmäge, ählumumy derejede parahatçylykly durmuşy döretmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa ‒ Koreýa Respublikasy» parlament forumyny döretmek barada başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyç Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine ýardam berdi.

Biziň şu günki duşuşygymyzyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarys.

Döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz ýola goýlan netijeli dialogy yzygiderli çuňlaşdyrýarlar.

Biziň şu günki duşuşygymyzyň maksady, döwletlerimiziň arasynda parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de dürli ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga we bu ugurlarda tejribe alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň başlyklarynyň şu günki ikinji duşuşygynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga gönükdirilendir.

Biziň şu günki geçirýän çärelerimiziň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine berk ynanýarys.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:38 am, Nov 23, 2024
temperature icon 9°C
переменная облачность
Humidity 87 %
Pressure 1026 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBITLERINE GÖNÜKDIRILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRUDYR

Next Story

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Woo Won-Şik

Soňkylar Habar

GitTop