glawny THE ASHGABAT TIMES

Topragyň biologik häsiýeti

15.10.2024

Toprak dürli görnüșli mikroorganizmlere (bakteriýalara, aktinomisetlere,heň kömelejiklerine, protozoalara, suw ösümliklerine) – geobiontlere we mör-möjeklere örän baý. Mikroorganizmleriň mukdary agrotehniki ișler gowygeçirilýän, köp dersli, gara toprakly ýerlerde, dökünsiz, aýratyn hem çägeli,çägesow, toýunly we toýunsow ýerlere garanda has köp bolýar. Așa yzgarlywe gury toprakda mikroorganizmleriň sany has az bolýar. Toprakdaky mikroorganizmleriň köp bölegi 10-30 sm. çuňlukda ýerleșýär. Șol aralykdatopragyň düzümine we fiziki häsiýetlerine baglylykda mikroorganizmleriň sany birnäçe müňden, milliarda çenli bolup biler. Topragyň ýokarky gatlagyndagün șöhleleriniň hem-de guramagyň täsiri netijesinde olaryň sany az bolýar.

Topraga näçe çuň aralașdygyňça (esasan hem 100-200 sm. bașlap), mikroorganizmleriň sany azalyp bașlaýar: 2-4 m. çuňlukda olaryň 1-2 sanysy gabat gelýär; 6 m. çuňlukda olar duș gelmeýärler. Sebäbi topragyň ýokarkygatlaklary mikroorganizmler üçin gerek bolan iýmit maddalaryna örän baý.Olar özleriniň süzüjilik we sorujylyk ukyby arkaly köp bakteriýalary özündesaklaýarlar.

Toprakda mikroorganizmleriň sany ýylyň dowamynda üýtgäp durýar. Olar gyșda azalýar, ýazda köpelýär we tomsuň bașyna olaryň sany iň ýokaryderejä ýetýär. Toprakdaky mikroblar görnüși boýunça dürli-dürli bolýarlar. Olaryň köpüsi saprofitlerdir (ösümlikleriň we haýwanlaryň galyndylaryndaniýmitlenýän we organiki maddalary organiki däl maddalara öwürýänbakteriýalar we käbir kömelejikler).

Toprakda has köp gabat gelýän mikroblar șar görnüșli saprofitlerdir (Micrococcus albus, Micrococcus candidas, Micrococcus cerens, Micrococcus flaus, Micrococcus reseus). Bulardan bașga-da toprakda azodyň mukdaryny azaldýan (ösümlikleriň iymitlenmegi üçin hökmany) beýleki mikroblar saklanýar. Așgarly toprakda esasan bakteriýalar, turșytoprakda bolsa (torfly, batgaly) heň we beýleki kömelejikler ýașaýarlar.

Mikroorganizmleriň täsiri esasynda toprakda biohimiki hadysalaryzygiderli (organiki maddalaryň dargamagy) amala așyp durýar. Onuň agrotehniki we sanitariýa tarapdan ähmiýeti uludyr.

Toprakda saprofitlerden bașga-da kesel dörediji mikroblar we gurçuklaryň ýumurtgalary gabat gelýär. Olar topraga keselli mallaryň tezeginden, keselläp ölen mallaryň zyňylan maslyklaryndan we galyndylarbilen hapalanan suwlardan geçýär. Emma toprakda olaryň ýașamagy we köpelmegi üçin elmydama oňaýly șert bolmaýar. Șeýle-de bolsa käbir keseldörediji mikroblar toprakda özleriniň kesel döredijilik ukybyny uzak wagtlap (ýylyň dowamynda) saklap bilýärler. Olara bürme (B. tetani) ot-baș keseli(B. anhtracis) we beýlekiler degișli. Ýokarda görkezilen mikroblar, bakteriýalar, kesel döredende olara toprakdan geçýän ýokanç keseller diýilýär, sebäbi kesel topragyň üsti bilen geçýär. Mysal üçin ot-baș keseliniň sporasy (gorag gatlagy) gowșak ya-da aralyk așgarly toprakda suwa, topraga we ösümlige geçip bilýär. Torfly we batgaly ýerlerde ýerasty suwy așak düșende ot-baș keseliniň sporasynyň ösüp ýetișmegine amatly șert döreýär.Șeýlelikde, șol döwürde ol ýer ýokanç keseliniň mikroblaryny ýaýradyjybolup hyzmat edýär. Mundan bașga-da kesel dörediji mikroblaryň ýaýramagyna ýerasty suwunyň ýokary galyp topragyň ýüzüne çykmagy we gazyș ișleriniň geçirilmegi sebäp bolýar.

Șeýlelikde, kesel dörediji mikroblar bilen hapalanan toprak epidemologiýa we epizootologiýa taýdan uly howp döredýär. Sebäbi, ol toprak adamlar we haýwanlar bilen göni gatnașykda bolýar, ýa-da göni däl ýagdaýda-gök önümleriň, içilýän suwuň, ot-iýmleriň, gemrijileriň, mör-möjekleriň, ýagyș gurçuklarynyň we beýleki zatlaryň üsti bilen bedenearalașmagy mümkin.

Ýegenmyrat AMANMEDOW
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:00 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
efir yaglary optimized THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

EFIR ÝAGLARY

original 163ce307ab21e3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer şygar bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasydyr

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop