arkadag akhann n scaled 1 THE ASHGABAT TIMES

Arkadag – şäheri ýaşlygyñ we güzelliğin şäheri

17.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşli menzilleriň rowana ýolundan  ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işlerde, şol sanda gurulýan döwrebap şäherlerde, ilkinji nobatda ýaşlaryň bagtyýar geljegi nazarlanýar.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji.

Ýurdumyzda sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmagyň giň gerimi milli binagärlik däpleriniň, dizaýnyň häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşygyny emele getirýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da öz beýanyny tapýar. Şäheriň ähli babatda, şol sanda ekologik taýdan halkara ölçeglere doly laýyk gelýän düzümleri ilatyň rahat we amatly durmuş şertlerini üpjün edýär.

Bagtyýar maşgalalaryň ýüzlerçesine täze jaýly, täze işli bolmagyň egsilmez şatlyk-buýsanjyny, nurana bagtyny peşgeş eden, Arkadag şäheri döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemläp, köňüllere şatlyk paýlaýar.  

Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi «akylly» şäheriň geriminiň has-da giňemegine, ol ýerde bir-birinden owadan, akylyňy haýran etjek desgadyr binalaryň ýene-de ençemesiniň gurulmagyna, müňlerçe ildeşlerimiziň jaý toýlaryny toýlamagyna we ýokary amatly iş orunlarynda zähmet çekmegine şert döreder.

Watanymyzy beýik ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Atajan ESENOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sanly ulgam dowrun talaby 94055 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ulgam – giň mümkinçilikler

oig1.guud5owb0 hb5rojjarp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Ýönekeý intellekt Kanton farforynyň sungatyny gorap saklamaga kömek eder”

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop