Täze 8 ýadroly Intel prosessory 2025-nji ýylyň başynda çykarylar we Core 5 210H diýlip atlandyrylar

17.10.2024

Bu 8 ýadroly we 12 akymly çip Raptor Lake seriýasyna degişlidir, ýöne ony Core Ultra 5 210H modeli bilen garyşdyrmaly däl — bu iki dürli prosessor hatarydyr.

Prosesor CrossMark maglumatlar bazasynda tapyldy, ýöne häzirlikçe onuň takt ýygylygy we keş ýady barada jikme-jiklikler aýan edilmedi.

Ýadrolaryň konfigurasiýasy we öndürijiligi boýunça ol Intel Core i5 12450H-a meňzeýär, bu bolsa mümkin bolan meňzeş ulanylyş we aýratynlyklary görkezýär.

Core 5 210H, Core 200 non-Ultra seriýasyndaky ýeke-täk çip däl. Geljekde 14 ýadroly Core 7 250H we 12 ýadroly Core 5 220H modelleriniň hem çykarylmagyna garaşylýar. Bu prosessorlaryň premýerasy, ähtimal, 2025-nji ýylda Core Ultra 200H seriýasynyň çykarylyşy bilen bilelikde bolar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:29 am, Oct 18, 2024
temperature icon 15°C
ясно
Humidity 44 %
Pressure 1012 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 5%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:17 am
Sunset Sunset: 6:25 pm
Öňki taryh

Qualcomm ABŞ-nyň prezident saýlawlaryndan soň Intel-i satyn almak meselesi bilen meşgullanar

Next Story

“Gorkynyň matematikasy: adamlary meseläniň çynlakaýlygyna ynandyrmak üçin sanlary nädip ulanmaly”

Soňkylar Tehnologiýa

GitTop