Gül gunçasy gara gözüm garasy

19.10.2024

Pyragynyň döredijiliginde watan temasy bilen birlikde agzybirlik, bir döwlete gulluk etmek temalary ör boýuna galýar. Her bir halkyň ruhy hazynasynyň açary, elbetde, onuň dilinde, edebiýatynda, däp-dessurynda, dünýägaraýşynda we geýim-gejimindedir. Aslynda adamzat taryhynda diliň täsiri,onuň belli bir halky kemala getirmekdäki orny, onuň şol halkyň ruhy medeniýetini nesillere geçirmekdäki güýji diýseň ýokarydyr. Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek. Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygynyň gözelligi we onuň düregeýligi barada dünýä alymlarynyň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri şelaýyn galyba salmak, onuň akyl- düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala aşyryp bolar diýen pikir-düşünje häli-häzire çenli bizi öz erkine goýmaýar. Magtymguly Pyragyny ýüze çykaran zamana indi başga bir dünýäniň başga bir syryndan söz açýar. Men bu jümläni häzirki zaman ylmy babatynda ulandym. Çünki şu döwürde ylym ýetjek derejesine ýetdi we beýle ösüşleriň Türkmenistanyň beýik Prezidentiniň amala aşyrmagy bilen durmuşa geçirilýändigini aýtmaga doly mümkinçiligimiz bardygyny dünýäniň ýüzi göz ýetirdi. Zamananyň täsirli ösüşi bu gün ýer ýüzünde onlap döwlet guran türkmeniň kimdigini dünýä halklaryna ýene-de tanatdy.

Elbetde, başda aýdyşymyz ýaly, her milletiň öz şahyry onuň başdan geçiren wakalaryny, gören görgilerini, şeýle-de üstünliklerini öz döredijiliginde beýan etmek bilen, ol halkynyň başdan geçiren zamanyny öz ýazgylarynda goýup gidýär. Hut şol sebäpli biz hem Magtymgulynyň öz zamanynyň sesidigi hakynda oýlandyk. Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygyndaky täsinlik ol diliň beýik many içinde çemeni ýada salmagy biziň üçin buýsançly wakadyr.Magtymgulysy bilen dem alýan türkmeniň jebisligini elinden almak hiç bir basybalyja hem başartjak däldi.Türkmen edebiyaty, umumy-türki dilli halklaryň edebiýatynyň aýrylmaz bir bölegidir. Sebäbi, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, türkmen milleti, türki halklaryň we türki dilli halklaryň dünýäsiniň iň gadymy şahalarynyň biridir, hatda onuň köki hem gönezligidir diýsek-de öte geçdigimiz bolmaz. Hut şonuň üçin hem türkmen edebiýatyny we onuň beýik hem görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini,Gündogar edebiyatynyň çygrynda ulanylỳan edebi dil,arap dili bolany üçin Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady-da öz “Wagzy Azat” kitabyny şol dilde ỳazypdyr. Emma Magtymguly öňki däbi ỳöretmegiň ỳerine öz milletiniň ruhy dünỳäsini has baỳlaşdyrmak we gözỳetimini has giňeltmek maksady bilen, halk köpçülügine düşnükly hem ruhuna uýgun şekilde„Türkmen milli edebiỳaty“nyň düỳbüni tutỳar. Ol, bu ägirt uly hem çäksiz gymmatly işi durmuşa geçirmek üçin, mesnewi, murabbag, muhammes ỳaly arap aruz görnüşinde gadymy oguz däbi bolan goşgy ýazylyşynda öz şygyrlaryny döredýär. Magtymguly öz mähriban halkynyň beden hem ruhy taỳdan sagdyn ỳaşamagy üçin gije-gündiz alada edpdir. Ol gadymy dünýäniň syrlaryndan habar berýän ýokary älemleriň inçe syry barada ýazylan şygyrlaryň syry häli-häzire çenli öwrenilenok.Gadymy Wawilonda,Gresiýada,Müsürde has ýoň bolan bu pikirler elbetde döredijiniň ruhuny şeýle goýmajagy düşnüklidir. Dünýä pelsepelerine akyl ýetirmäge hemme adamyň ukybynyň ýetmeýänligi düşnüklidir.

Bu ýagdaýy biz Magtymgulynyň dünýä hakyndaky pelsepi oýlanmalaryna degişli şygyrlarynda-da görýäris.
Bu gymmatbaha eserleriň ölmez ýitmezligi ruhy dünýäleriň açaryny elinde saklaýanlygy bilen ölçelinýändir. Magtymgulynyň goşgularynda-da edil şeýle hadysa saklanýar.

Beýik Pyragynyň şygyrlarynyň içinde gaýnap,ýüzýyllyklaryň içinden geçen türkmen diliniň hakyky eýesi türkmen halkydyr.Türkmen halky öz Magtymgulysy,öz beýik-beýik şahsyýetleri ,beýik hormatly Prezidenti bilen dünýäniň ýüzünde öz edebiýaty,medeniýeti,dili bilen aýratyn tapawutlanýar.Şeýle beýik şahsyýetiň, Magtymguly Pyragynyň milleti ölmaz-ýitmezdir.Bu gün türkmen halky Pyragynyň watanyny “Gül gunçasy gara gözüm garasy” diýip, Garaşszy watana öwürdi. Bu bolsa halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

Eziz ÇARYÝEW
Türkmen Döwlet binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:31 pm, Nov 24, 2024
temperature icon 12°C
небольшая облачность
Humidity 71 %
Pressure 1014 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Ýurdumyzyň ösüşleri

Next Story

Dessançylyk janrynyň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop